Pekiniň Dasin halkara aeroportunda ýolagçy gatnawlary täze rekord derejä ýetdi

Pekiniň Dasin halkara howa menziliniň 2019-njy ýylda açylanyndan bäri ýolagçy gatnawlarynyň sany ilkinji gezek 50 million adamdan geçip, täze ýyllyk rekord derejä ýetdi. Resmi maglumatlara görä, howa menzili şu ýyl 322 500 uçuşy amala aşyryp, geçen ýyl bilen deňeşdirilende olaryň sany 6.31 göterim ýokarlandy, ýolagçy gatnawlarynyň sany bolsa 50.08 million adama ýetip, 8.41 göterim ösüş görkezdi. Halkara we sebitleýin ýolagçy gatnawlarynyň sany ep-esli artyp, 5.5 milliona ýetdi - bu 25.39 göterim ösüşi görkezýändir.
Gatnaw ugurlarynyň has giňeldilmegi bilen şeýle öňegidişlik gazanyldy. Bu howa menzilinde häzirki wagtda Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 25 ýurtlaryna 190-a golaý ugur boýunça 180-e golaý şäherlere howa gatnawlaryny amala aşyrýan 70 sany awiakompaniýalary işleýär. Şu ýyl täze açylan we gaýtadan ýola goýlan halkara ugurlara Kasablanka, Bandar Seri Begawan, Hoşimin, Duşenbe we Maskat şäherleri girýär. Hytaýyň China Southern, China Eastern, Xiamen Air we China United awiakompaniýalary Dasin howa menzilinden 30-dan gowrak halkara üstaşyr uçuşlary hem ýerine ýetirip başladylar.
Howa menzilinde işleýan awiakompaniýalar öz aralarynda halkara uçuşlarda ýeketäk hasaba alyş hyzmatlaryny girizdiler, bu bolsa ýolagçy goşlarynyň bökdençsiz geçirilmegini we diňe bir petek arkaly uçmak mümkinçiligini döretdi. Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda 840 müňden gowrak halkara ýolagçylary Dasin howa menzilinden üstaşyr uçup geçdiler, olaryň 78 göterimi ýeketäk hasaba alyş hyzmatlaryndan peýdalandylar.







