Si Szinpin we Makron Siçuanda dostlukly gepleşikleri geçirdiler

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Hytaýyň Siçuan welaýatynyň paýtagty Çendu şäherindäki Dusianýanda dostlukly gepleşikleri geçirdiler. Si Szinpin we onuň maşgalasy Pen Liýuan, Emmanuel Makrony we onuň maşgalasy Brijit Makrony mähirli garşyladylar.
Fransuz liderini Hytaýyň “Bereketli mekan” diýlip atlandyrylýan Siçuanda garşylamak bilen, Si Szinpin geçen ýyl Emmanuel Makronyň çakylygy boýunça Fransiýanyň Ýokarky Pireneý departamentine amala aşyran saparyny ýatlady hem-de häzirki sapar Fransiýanyň prezidentine Hytaýa has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Si Szinpin myhmanlara 2000 ýyldan gowrak ýaşy bolan we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy suwaryş ulgamy bolan Dusianýan barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol munuň dünýäde häzirki güne çenli işleýän ýeke-täk gadymy gidroelektrik desgasydygyny hem-de adamyň we tebigatyň sazlaşykly ýaşamagynyň ilkinji mysallarynyň biridigini belledi. Hytaý lideriniň sözlerine görä, bu desganyň gurluşygy hytaý milletiniň ruhuny – öz-özüňi kämilleşdirmäge çalyşmagy, çydamlylygy we kynçylyklara döz gelip, öňe gitmäge taýýarlygy aňladýandyr.
Si Szinpin özüniň Dusianýana her gezekki saparynda bu ýer oňa, üýtgeýän şertlere uýgunlaşmagy, tebigat bilen sazlaşygy saklamagy we adamlary suw basmalaryndan goramagyň hötdesinden gelen ata-babalarynyň pähim-paýhasyny ýatladýandygyny aýtdy. Şeýle hem, ol özleriniň baý medeni mirasy we belent milli ruhy bolan Hytaýyň we Fransiýanyň biri-birine has gowy düşünmegi we hormat goýmagy başarýandyr diýip, belledi.
Häzirki güne çenli netijeli işlemegini dowam edýän gadymy suw dolandyryş desgasyny synlamak bilen, Makron hytaý halkynyň zähmetsöýerligine we ýiti zehinine ýokary baha berdi. Ol Fransiýanyň we Hytaýyň halklarynyň baý taryhyny we medeniýetini, şeýle hem has gowy durmuşa bolan umumy tagallalaryny bellemek bilen, bilelikde ösüş gazanmagy we has-da öňe gitmegi başarjakdyklaryny aýtdy.
Si Szinpin dowamly alyp barmaklyk, döredijilikli çemeleşmek, açyk göwünlilik we parahatçylyk söýüjilik häsiýetleri bilen beýan edilýän hytaý medeniýetiniň häzirki güne çenli üznüksiz dowam edýän ýeke-täk gadymy medeniýetdigini belledi. Ol Hytaýyň we Fransiýanyň Gündogar we Günbatar medeniýetleriniň ajaýyp wekilleridigini hem-de olaryň baý medeni mirasynda özygtyýarlyk ruhunyň kök urandygyny belledi. Hytaý lideri iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy diňe bir iki garaşsyz döwletiň geljekki ösüşine tarap ädilen ädim bolman, eýsem beýik medeniýetleriň jebisleşmegidir diýdi.
Dünýäde durnuksyz ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe, Si Szinpin Hytaýyň we Fransiýanyň özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygyň we adamzadyň ösüşi üçin uly goşant goşup biljekdigine umyt bildirdi. Makron hem öz gezeginde, düşünişmezlikleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmek we dünýäde abadançylygy üpjün etmek üçin Fransiýanyň Hytaý döwleti bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga taýýardygyny aýtdy.
Gepleşiklerden soň Si Szinpin we Pen Liýuan myhmanlary günortanlyk nahara çagyrdylar we ol ýerde resmi däl ýagdaýda özara pikir alyşmalaryny dowam etdirdiler. Iki ýurduň liderleri ýakyn aragatnaşygy saklamak we hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy bilelikde ösdürmek barada ylalaşdylar.
Saparyň dowamynda ählumumy dolandyryşda hyzmatdaşlyk, howa we daşky gurşaw meseleleri, ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak, oba hojalygynda we azyk pudagynda hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki beýanatlar kabul edildi. Taraplar şeýle hem Ukrainadaky we Palestinadaky ýagdaýlar barada bilelikdäki garaýyşlaryny beýan etdiler.







