Şu ýylyň ilkinji 10 aýynda Hytaýyň oba hojalyk önümleriniň eksporty takmynan 600 milliard ýuana ýetdi

Şu ýylyň ilkinji 10 aýynda Hytaýyň oba hojalyk önümleriniň 838 görnüşi 223 ýurda we sebite ugradylyp, olaryň bahasy takmynan 600 milliard ýuana (takmynan 84 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi.
Huanhe derýasynyň howdanynda ýerleşýän Ninsýa-Hueý awtonom sebiti halkara bazarlaryna süýt belogyny, ter gök önümleri we Çžunweý gawunlaryny ugratmakda ilkinji gezek ähmiýetli görkezijilere ýetdi.
Ýanwar-oktýabr aýlarynda bu sebitiň daşary ýurtlara ugradan oba hojalyk önümleriniň umumy bahasy 178,1 milliard ýuana ýetdi.
Ninsýanyň paýtagty Inçuan şäherinde azyk we oba hojalyk kompaniýalarynyň wekilleri ýaňy-ýakynda eksport kadalaryny berjaý etmegiň we halkara bazarlaryna girmegiň talaplary boýunça okuw geçdiler.
Inçuanyň gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Şan Guýmin şeýle diýdi: «Eksportyň paýyny ýokarlandyrmak we bazarlary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin kompaniýalar bazarlaryň tehniki kadalaryna düşünmeli hem-de olary berjaý etmeli. Hile başdan gözegçilik etmeli, sebäbi bu halkara bazarlaryna üstünlikli çykmagyň esasydyr».
«Şu ýyl önümlerimiz ilkinji gezek Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Günorta Amerikanyň ösüp barýan bazarlaryna çykdy» diýip, Ninsýadaky godži miwelerini daşary ýurtlara ugradýan kompaniýanyň dolandyryjysy Wan Feý belledi.
Dürli eksport meselelerini çözmek we logistiki bökdençlikleri aradan aýyrmak üçin Hytaýyň gümrük edaralary oba hojalyk önümleriniň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin netijeli ýollary döretmäge gönükdirilen umumymilli okuw maksatnamalaryny işe girizdiler.







