Hytaý deňiz ýel energiýasyny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýär

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Guandun welaýatynyň Şantou şäherinde geçirilen 22-nji Bütindünýä Ýel Energiýasy Maslahatynyň we 3-nji Şantou Halkara Ýel Energiýasy Tehnologiýalarynyň Innowasiýasy Maslahatynyň dowamynda berlen hasabata görä, Hytaý deňiz ýel energiýasyny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýändir.
Dünýäde ýel energiýasynyň üpjünçilik zynjyry Aziýa-Ýuwaş ummany, Ýewropa we Amerika yklymlarynda jemlenendir. Doly senagat ekoulgamy tarapyndan goldanylýan Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti turbinalary ýygnap düzmek we esasy düzüm bölekleri taýýarlamak boýunça dünýäde iň uly merkezdir. Hytaýyň we Hindistanyň gury ýerde mümkinçilikleri has uludyr, şeýle hem Hytaý deňiz ýel energiýasyny öndürmek boýunça öňdebaryjy merkezdir.
“Hytaý döwleti gury ýerdäki we deňizdäki iň uly bazar bolmak bilen, özüniň kuwwatly üpjünçilik zynjyry we öňdebaryjy tehnologiýasy bilen tapawutlanýar” diýip, Bütindünýä Ýel Energiýasy Birleşiginiň baş sekretary Stefan Gsänger aýtdy. “Hytaý ýel turbinalaryny eksport etmäge golaýda başlady. Bu enjamlar köp ýurtlara gerekdir, şonuň üçin hem bu bir ajaýyp mümkinçilikdir” diýip, ol şol sanda Hytaýyň eksport mümkinçilikleriniň ulydygyny belläp geçdi.
Hasabata laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli köp ýurtlaryň ýel energiýasy üpjünçiliginde kynçylyklaryň ýüze çykmagy çaklanylýar, ýöne Hytaýda şeýle meseleleriň döremegine garaşylmaýar. Hytaýyň ýel energiýasynyň eksporty uly depginde ösdi, ýagny onuň ýyllyk ösüş depgini 50 göterimden geçdi we häzirki wagtda 57 ýurda we sebite ýetdi. Bu babatda ýurduň umumy eksport edijilik kuwwaty 20 million kilowattdan geçdi.







