Hytaý - Wetnam sebitleýin baglanyşygy täze demir ýol gatnawy arkaly giňeldilýär

Dekabr 06, 2025 | 19:00 |35
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hepdäniň penşenbe güni Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Guangsi Žuang Awtonom welaýatyndaky Çongzuo we Pinsian şäherlerini birleşdirýän ýokary tizlikli täze demir ýoly açyldy. Bu demir ýoly arkaly welaýatyň paýtagty Nanning şäherinden Hytaý-Wetnam serhet araçägine çenli tiz ýolagçy otlularynyň gatnawlary ýerine ýetiriler.

Täze 80 kilometrlik demir ýoly günortadaky Çongzuo şäherinden ugrap, gündogardaky Pinsiang şäherine baryp durýar. Ýolagçy otlylary sagatda 250 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Bu demir ýoley ýol wagtyny ep-esli azaldar we sebitdäki baglanyşygy gowulandyrar.

Pingsian şäherinden Nannin şäherine ilkinji ýolahçy otlusy indi 93 minutda barýar, bu aralygy awtoulag bilen geçmek üçin 2.5 sagatdan gowrak wagt gerek bolýar. “Hemmeler üçin örän tolgundyryjy” diýip, bir ýolagçy öz duýgusyny paýlaşýar. Ilki başda ýolagçy otlulary günde dört gezek gatnar, Nanning-Pingsian aralygyndaky ýol wagty 178 minutdan, bary-ýogy 75 minuta çenli gysgalar.

Hytaýyň 14-nji bäş ýyllyk meýilnamasynyň möhüm bölegi bolan bu taslama Guangsidäki demir ýol ulgamyny giňeldýär we serhetüsti ulag gatnaşyklaryny gowulandyrmak arkaly Hytaý – Günorta-Gündogar Aziýa Erkin Söwda Zolagynyň çäginde ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyna garaşylýar.

Beýleki habarlar