Hytaý bilen Argentinanyň arasynda göni howa gatnawy ýola goýuldy

Hytaý bilen Argentinanyň arasynda göni howa gatnawy ýola goýuldy we hepdäniň penşenbe güni ilkinji göni uçuş amala aşyryldy. Ýolagçylar we syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleri şeýle göni gatnawlar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna uly itergi berer diýip, umyt edýärler.
“China Eastern Airlines” kompaniýasynyň ýerine ýetiren MU745 uçuşy Şanhaýyň howa menzilinden göterilip, Oklend şäherine gysga wagtlyk gondy we takmynan 25.5 sagatdan soň Buenos-Aýres şäheriniň howa menziline gondy. Öň Günorta Amerika bilen Hytaýyň arasyndaky uçuşlar Ýewropa, Demirgazyk Amerika ýa-da Ýakyn Gündogar ýurtlarynda gonmaly bolýardy we uçuş wagty köplenç 30 sagatdan geçýärdi.
“Bu meniň Günorta Amerika arzuw edip ýören uçuşymdy. Biz ýaly 50 ýaşdan geçen adamlar üçin uzak wagtlyk uçuş oňaýsyz bolýardy, ýöne indi bular ýaly göni uçuş has amatly” diýip, uçardaky hytaýly syýahatçy Jek öz pikirini paýlaşdy.
Täze howa gatnawynyň uzaklygy 20 000 kilometrden gowrak bolup, bu dünýäde iň uzak bir taraplaýyn uçuşdyr. “Muňa hemmeler - myhmanhanalardan başlap ähli syýahatçylyk pudagy garaşýardy” diýip, “Hungs Tourism” kompaniýasynyň wekili Kristina Hung aýtdy.
25 ýyl bäri Hytaý-Argentina aralygyndaky gatnawlar boýunça işleýän syýahatçylyk agentliginiň müdiri Ana Wang bu gatnawlaryň “syýahatçylygy, söwdany we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürjekdigini, şeýle hem söwda we ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has hem ýeňilleşdirjekdigini” aýtdy.







