Hytaýyň grafika işläp düzüji kompaniýasynyň ilkinji paýnamalarynyň bahasy ýokarlandy

Hytaýyň öňdebaryjy grafiki işläp düzüjisi bolan “Moore Threads Technology Co., Ltd.” kompaniýasynyň paýnamalary hepdäniň anna güni ilkinji gezek Şanhaý biržasynyň “STAR Market” bazarynda, Ylym we Tehnologiýa innowasiýalary meýdançasyna çykaryldy we olaryň bahalary 400 göterimden gowrak ýokarlandy.
“Moore Threads Technology Co., Ltd.” kompaniýasynyň ilkinji köpçülige hödürleýän paýnamalarynyň her biriniň başdaky bahasy 114.28 yuan (16.15 ABŞ dollaryna barabar) bolup, anna güni onuň bahasy 502 göterim ýokarlandy we 688 ýuana ýetdi. Söwda gününiň ahyryna kompaniýanyň bir paýnamasynyň bahasy 425.46 göterim ýokarlanyp, 600.50 ýuana ýetdi.
Bu kompaniýa tarapyndan alnan teklipleriň gymmaty Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň pudakdaky öňdebaryjy Nvidia kompaniýasynyň paýnamalarynyň tutuş bazar bahasyndan hem ýokarydyr.
“Moore Threads Technology Co., Ltd.” kompaniýasy 2020-nji ýylda Nvidia kompaniýasynyň öňki başlygy Jeýms Žan Sianžun tarapyndan esaslandyrylandyr. Bu kompaniýa uniwersal grafika işläp düzüş çiplerini we emeli aň esasly hasaplaýyşlary, 3D grafikalaryny üpjün etmekligi, ultra ýokary derejeli wideo kodlamasyny, fiziki simulýasiýany we ylmy hasaplamalary öz içine alýan önümleri işläp düzýär.
Şeýle hem bu kompaniýa ilkinji köpçülige hödürleniş boýunça degişli işleri bary-ýogy 122 günde tamamlady, ýagny 30-njy iýunda degişli ýüztutmasy tabşyryldy we 30-njy oktýabrda hasaba alnyşy tamamlandy.
2023-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan bu kompaniýa garşy çäklendirmeleriň goýlandygyna garamazdan, ilkinji köpçülige hödürleniş boýunça işler üstünlikli amala aşyryldy.







