Si Szinpin Hytaýy we Fransiýany köptaraplyk ýörelgelerini bilelikde goldamaga çagyrdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Hytaýy we Fransiýany iri döwletler hökmünde öz jogapkärçiliklerine ygrarly bolup, köptaraplyk ýörelgelerini bilelikde goldamaga çagyrdy.
Şonuň ýaly-da Si Szinpin: “Biziň ikimiz hem Hytaý bilen Fransiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we olary täze, döwrebap äheňe getirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň täze sahypalaryny açmak barada ylalaşdyk. Hytaý we Fransiýa geljegi öňden görüji, jogapkärçilikli we özygtyýarly iri döwletlerdir, köptaraplaýyn çemeleşmeleri ösdürmekde hem-de ynsan raýdaşlygyny we hyzmatdaşlygyny berkitmekde döredijilikli güýçlerdir” diýdi.
“Häzirki döwürde dünýäde heniz asyrboýy görülmedik derejedäki depginde özgerişlikler bolup geçýär we adamzadyň ösüş ýolunda täze meseleler döreýär. Hytaý we Fransiýa öz jogapkärçiliklerine ygrarly bolup, köptaraplyk ýörelgelerini bilelikde goldamalydyr hem-de näbellilik dumanyny syryp, taryhyň dogry tarapynda berk durmalydyr” -diýip, Si Szinpin sözüniň üstüni ýetirdi.
Emmanuel Makron öz gezeginde Fransiýa we Hytaý döwletleriniň köp meselelerde bir pikire uýýandyklaryny bellemek bilen, häzirki döwürde dünýäde dörän kynçylyklaryny çözmekde iki tarap hem işjeň hyzmatdaşlygyny dowam etdirmelidigini aýtdy.
“Meniň Pekin we Guançžou şäherlerine öňki saparlarymdan soň iki tarap hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli taraplaýyn çuňlaşdyrmak kararyna geldi. Häzirki wagtda dünýäde ýagdaýlar çylşyrymly we durnuksyz bolmagynda galýar, köptaraplyk ýörelgelerini amala aşyrmakda kynçylyklar döreýär. Bu şertlerde Hytaý bilen Fransiýanyň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy dowam etdirmek aýratyn möhümdir. Biz köp meseleler babatynda bir hörpden gopýarys. “Jogapkärçilikli iri döwletler hökmünde Hytaýyň we Fransiýanyň öz garaýyşlaryna ygrarlylygyny saklap, özara düşünişmekligi gazanmak, hyzmatdaşlyk üçin amaly usullary döretmek we ikimiz hem goldaýan köptaraplyk ýörelgelerimizi amala aşyrmak tagallalaryny alyp barýarys” -diýip, Makron belledi.







