Hytaý umman biodürlüligi baradaky halkara ylalaşygynyň sekretariatyny Sýamen şäherinde ýerleşdirmegi teklip etdi

Hytaý milli ýurisdiksiýanyň çäklerinden daşardaky deňiz biologik dürlüligini gorap saklamak we durnukly peýdalanmak baradaky halkara ylalaşygynyň (BBNJ) sekretariatynyň ýerleşjek ýerini aç-açan hem-de gatnaşyjylaryň umumy ylalaşygy esasynda saýlamaga çagyrdy. Pekin sekretariaty Sýamen şäherinde ýerleşdirmegi teklip edip, Belgiýa bilen Çiliniň bilelikdäki dalaşgärligi boýunça öz aladalaryny beýan etdi.
Bu barada 12-nji noýabrda Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin aýtdy.
BMG-niň Deňiz hukugy baradaky konwensiýasynyň çäklerinde kabul edilen BBNJ ylalaşygy milli ýurisdiksiýanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän deňiz giňişliklerinde biologik dürlüligi gorap saklamaga we ondan durnukly peýdalanmaga gönükdirilendir.
Mao Niniň sözlerine görä, Hytaý şu ýylyň başynda Sýamen şäheriniň dalaşgärligini öňe sürdi. Diplomat bu teklibiň ylalaşyga gatnaşyjylaryň aglabasynyň goldawyny alandygyny belledi.
6-njy noýabrda bolsa Belgiýa bilen Çili öz dalaşgärliklerini birleşdirýändiklerini mälim etdiler. Olaryň teklibine laýyklykda, sekretariat Çiliniň Walparaiso şäherinde ýerleşmeli, ylalaşygyň maglumat alyş-çalyş we utgaşdyryş mehanizmi (CHM) bolsa Brýusselden işlemeli. Kömekçi edaralaryň mejlislerini hem Brýusselde geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hytaýyň DIM-niň wekili bu çemeleşmäniň kararlary kabul etmegiň tertibi we geljekki sekretariatyň işiniň guralyşy babatda birnäçe sorag döredýändigini aýtdy.
Mao Nin bilelikdäki teklip boýunça alty esasy bellige ünsi çekdi. Olar ylalaşygyň düzgünleriniň berjaý edilmegi, kararlary kabul etmegiň adalatly tertibi, halkara tejribesi, geografik deňagramlylyk, deň bäsdeşlik şertleri we dalaşgärleriň ilkibaşdaky borçnamalary bilen baglanyşyklydyr.
Hususan-da, Hytaý sekretariatyň ýerleşjek ýeri we maglumat alyş-çalyş mehanizminiň işleýiş tertibi baradaky kararlaryň ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasy tarapyndan bilelikde kabul edilmelidigini nygtaýar.
Pekin sekretariatyň we maglumat mehanizminiň dürli yklymlarda ýerleşdirilmeginiň dolandyryş çykdajylaryny artdyryp, işleriň utgaşdyrylmagyny kynlaşdyryp biljekdigine hem ünsi çekdi.
Mao Nin Hytaýyň sekretariatyň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge we ylalaşyga gatnaşyjylaryň ählisi bilen maslahatlaşmalary dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.
CCTV+-niň habar bermegine görä, Hytaý sekretariatyň ýerleşjek ýerini saýlamakda halkara jemgyýetçiliginiň, aýratyn-da ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmaga çagyrdy. Hytaýyň DIM-niň beýanatyna görä, kabul ediljek karar ylalaşygyň netijeli durmuşa geçirilmegine we ummanlary goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etmelidir.










