Hytaýda 30 sagada çenli uçmaga niýetlenen Gün energiýaly pilotsyz uçar synagdan geçirildi

Noýabr 13, 2026 | 23:05 |154
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


11-nji noýabrda Hytaýyň demirgazyk-günbatar böleginde diňe Gün energiýasy bilen işleýän «Light Cavalry» («Ýeňil atly goşun») atly pilotsyz uçaryň ilkinji synag uçuşy üstünlikli geçirildi.

Hytaýyň Aerokosmos ylymlary we tehnologiýalary korporasiýasynyň düzümindäki Aerokosmos aerodinamikasy akademiýasynyň habar bermegine görä, bu uçar täjirçilik maksatlary üçin niýetlenip, doly elektrik hereketlendiriji ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Pilotsyz uçaryň uzynlygy 3,2 metr, ganatlarynyň gerimi bolsa 8 metrdir. Taslama boýunça onuň iň ýokary uçuş dowamlylygy 30 sagada ýetýär. Işläp düzüjiler uçaryň energiýany tygşytly sarp edýändigini, bahasynyň deňeşdirilende arzan boljakdygyny, gysga wagtda ulanyşa taýýarlanyp bilinýändigini we tehniki hyzmatynyň ýönekeýdigini belleýärler.

Uçary uzak aralyklara uzalyp gidýän turbageçirijileri barlamakda, iri suw hojalyk desgalaryna gözegçilik etmekde, geodeziýa işlerinde, tebigy baýlyklary öwrenmekde we tebigy betbagtçylyklardan soň zeper ýeten ýerleri dessin gözden geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.

CCTV+-niň habar bermegine görä, işläp düzüjiler pilotsyz uçary köpçülikleýin öndürmäge mümkinçilik döretmegi we uzak wagtlap uçup bilýän elektrik pilotsyz uçarlaryň täjirçilik ulanylyşyny giňeltmegi maksat edinýärler.

Beýleki habarlar