Pekinde 1911-nji ýyldaky ynkylabyň ýolbaşçysy Sun Ýatseniň doglan gününiň 160 ýyllygy bellenildi

12-nji noýabrda Pekinde Hytaýyň häzirki zaman taryhynyň görnükli şahsyýetleriniň biri, 1911-nji ýyldaky ynkylabyň ýolbaşçysy Sun Ýatseniň doglan gününiň 160 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi.
Çäre Halk ýygnaklarynyň uly köşgünde geçirildi. Onda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary we Merkezi harby geňeşiň başlygy Si Szinpin çykyş etdi.
Ýygnaga Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzalary Li Sýan, Çžao Leszi, Wan Huning, Saý Si, Din Sýuesýan we Li Si hem gatnaşdylar.
Sun Ýatsen Hytaýda köp asyrlap dowam eden monarhiýa dolandyryşynyň soňuna çykan 1911-nji ýyldaky ynkylaba ýolbaşçylyk etdi. Ol 1925-nji ýylda aradan çykdy.
SSTV+-niň habar bermegine görä, Pekindäki dabaraly ýygnak Sun Ýatseniň doglan gününiň 160 ýyllygyny hatyralamaga bagyşlandy.










