Hytaýyň Premýer-ministri Fransiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Hytaýyň Premýer-ministri Li Sian Pekinde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we özara ynamy pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Li Sian iki ýurduň arasyndaky dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmek, syýasy taýdan birek-birege ynamy berkitmek, özara aç-açanlygy goldamak we ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda Fransiýa bilen hyzmatdaşlyga Hytaýyň taýýardygyny aýtdy.
Premýer-ministr dünýäde ykdysady we söwda dartgynlygynyň dowam edýän döwründe ähli taraplaryň özara düşünişmegini gazanmak, çapraz gelýän garaýyşlar boýunça ylalaşmak we degişli anyk çäreleri görmek, şeýle hem birek-biregiň meselelerini adalatly çözmek maksady bilen özara maglumat alyşmagyň zerurdygyny aýtdy.
Li Sian şeýle hem Ýewropa Bileleşigini Hytaý bilen hyzmatdaşlyk etmek we özara gatnaşyklaryny dogry derejede saklamak üçin iki tarapyň arasyndaky çaprazlyklary oňyn çözmäge Fransiýanyň ýardam berjekdigine umyt bildirdi.
Makron öz gezeginde Hytaý bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ykdysadyýet we söwda, oba hojalygy we gaýtadan dikeldilýän energiýa ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek, erkin we köptaraplaýyn söwda ulgamyny goramak, şeýle hem älumumy dolandyryş ulgamynyň özgerdilmegi we kämilleşdirilmegi üçin bilelikde işleşmäge Fransiýanyň taýýardygyny aýtdy.







