Hytaý Ikinji jahan urşy döwründe wepat bolan amerikan uçarmanlarynyň jeset galyndylaryny ABŞ-a gowşurdy

10-njy noýabrda Hytaýyň Çendu şäherinde Ikinji jahan urşy döwründe Hytaýa ýük daşamaga gatnaşan amerikan uçarmanlarynyň jeset galyndylaryny ABŞ-a gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Hytaýyň Goranmak ministrligi habar berdi.
Jeset galyndylary «Hump» diýlip atlandyrylýan taryhy howa ýolunyň ugrunda tapyldy. 1942–1945-nji ýyllarda Gimalaý daglarynyň üstünden geçýän bu ýol ýaran döwletler tarapyndan Ýaponiýanyň çozuşyna garşy göreşýän Hytaýa harby ýükleri ýetirmek üçin ulanylypdyr.
Gowşuryş dabarasy Çendu şäherindäki Szýanşuan muzeýinde geçirildi. Oňa Hytaýyň we ABŞ-nyň harby wekilleri, Hytaýyň döwlet edaralarynyň, ýerli häkimiýetleriň hem-de ABŞ-nyň Hytaýdaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda jeset galyndylary amerikan tarapyna gowşuryldy. Iki ýurduň wekilleri degişli resminamalara gol çekip, olary alyşdylar.
Hytaýyň Goranmak ministrligi bu çäräni Ikinji jahan urşy döwründe iki ýurduň Ýaponiýa garşy bilelikde alyp baran göreşiniň taryhy şaýady hökmünde häsiýetlendirdi.
SSTV+-niň habar bermegine görä, Hytaý uruş ýyllarynda dereksiz ýiten amerikan harby gullukçylarynyň jeset galyndylaryny gözlemek, tapmak we yzyna gaýtarmak boýunça ABŞ bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.










