Hytaýyň eksporty 17,6% artyp, 3,9 trillion dollara ýetdi: mikroshemalaryň we 3D printerleriň eksporty iki esse ýokarlandy

2026-njy ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda Hytaýyň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,6 göterim artyp, 25,99 trillion ýuana (takmynan 3,9 trillion ABŞ dollaryna) ýetdi. Bu barada 10-njy noýabrda Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berdi.
Eksportyň ösüşine maşyn gurluşygy we elektrotehnika önümleri esasy goşant goşdy. Olaryň eksporty 25,2 göterim ýokarlanyp, 16,81 trillion ýuana (2,52 trillion dollara) ýetdi. Bu önümleriň paýyna ýurduň umumy eksportynyň 64,7 göterimi düşdi. Bu görkeziji geçen ýyldakydan 3,9 göterim bent ýokarydyr.
Ýokary tehnologiýaly önümleriň eksportynda aýratyn ýokary ösüş hasaba alyndy. Integral mikroshemalaryň eksporty 101,9 göterim, ýat komponentleriniň eksporty 132,5 göterim, 3D printerleriň eksporty bolsa 104,8 göterim artdy. Sanly kameralaryň eksporty 41,4 göterim, senagat robotlarynyň eksporty 17,8 göterim ýokarlandy.
Elektromobilleri, litiý-ion akkumulýatorlaryny we fotoelektrik önümlerini öz içine alýan «täze üçlügiň» eksporty 46,5 göterim artdy. Elektrik motosiklleriniň we welosipedleriniň eksporty 33,3 göterim, ýel elektrik generatorlarynyň we olaryň şaýlarynyň eksporty bolsa 19,7 göterim ýokarlandy.
Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň statistika we seljeriş departamentiniň ýolbaşçysy Lýu Dalýan dünýäde hasaplaýyş kuwwatlaryna we emeli aň bilen bagly önümlere bolan islegiň ýokary derejede saklanýandygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde arassa energetika geçişini üpjün edýän tehnologiýalara halkara isleg hem artýar.
SSTV+-niň habar bermegine görä, bu ýagdaýlar Hytaýyň eksportynyň düzüminde ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa önümleriň ornunyň barha artýandygyny görkezýär.










