Hytaýyň importy 23,6% artyp, 2,82 trillion dollara ýetdi we eksportyň ösüş depgininden öňe geçdi

Noýabr 11, 2026 | 09:57 |97
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


2026-njy ýylyň ilkinji on aýynda Hytaýyň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,6 göterim artyp, 18,82 trillion ýuana (takmynan 2,82 trillion ABŞ dollaryna) ýetdi. Bu barada 10-njy noýabrda Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berdi.

Şol döwürde ýurduň eksporty 17,6 göterim ýokarlanyp, 25,99 trillion ýuana deň boldy. Şeýlelikde, importyň ösüş depgini eksportyň ösüşinden alty göterim bent ýokary boldy.

Gümrük maglumatlaryna görä, demir magdanynyň importynyň fiziki möçberi 3,1 göterim, alýuminiý magdanynyňky bolsa 13,2 göterim artdy. Maşyn gurluşygy we elektrotehnika önümleriniň importynyň gymmaty 8,17 trillion ýuana (takmynan 1,22 trillion dollara) ýetdi.

Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň statistika we seljeriş departamentiniň ýolbaşçysy Lýu Dalýan 150-den gowrak ýurtdan we sebitden edilýän importyň artandygyny habar berdi. ASEAN ýurtlaryndan, Latyn Amerikasyndan we Afrikadan edilýän import ýylyň degişli döwri üçin rekord derejä ýetdi.

Onuň aýtmagyna görä, daşary ýurt kompaniýalarynyň barha köpüsi Hytaý bazarynda öz önümleriniň satuwyny giňeltmek üçin mümkinçilik tapýarlar.

Daşary ýurt önümlerini tanyşdyrmak üçin möhüm meýdançalaryň biri 5–10-njy noýabr aralygynda Şanhaýda geçirilen dokuzynjy Hytaý halkara import sergisi (CIIE) boldy. Sergä daşary ýurtlardan 4142 eksponent, şol sanda Fortune Global 500 sanawyndaky kompaniýalaryň we pudaklaýyn öňdebaryjylaryň 300-den gowragy gatnaşdy.

Sergide 480-den gowrak önüm dünýäde, Aziýada ýa-da Hytaýda ilkinji gezek görkezildi. Bu serginiň taryhyndaky iň ýokary görkezijidir.

SSTV+-niň habar bermegine görä, importyň eksportdan has çalt ösmegi 2026-njy ýylda Hytaýyň daşary söwdasynyň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy.


Beýleki habarlar