Hytaýda güýzki hasylyň 100 million tonnadan gowrak dänesi satyn alyndy, azyk önümleriniň bahalary durnukly saklanýar

Hytaýda güýzki hasyldan satyn alnan dänäniň möçberi 100 million tonnadan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäki derejä deň boldy. Bu barada Hytaýyň Azyk we strategik ätiýaçlyklar boýunça döwlet edarasy habar berdi.
10-njy noýabrda Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda Hytaýyň Ösüş we özgertmeler boýunça döwlet komiteti däne, ösümlik ýagy, et, ýumurtga we gök önümler ýaly esasy azyk harytlarynyň bazarda ýeterlik möçberde bardygyny, bahalaryň bolsa durnukly saklanýandygyny mälim etdi.
Komitetiň bahalar boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Çžan Lusiniň aýtmagyna görä, gök önümleriň, ýumurtganyň, däne önümleriniň we ösümlik ýagynyň üpjünçiligi häzirki islegi doly kanagatlandyrýar.
Edaranyň maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda Hytaýda dänäniň ýyllyk önümçiligi 700 million tonnadan ýokary bolup gelýär. Gök önüm ekilýän meýdanlar hem durnukly saklanyp, az-kem giňelýär.
Hytaý dünýäniň sürümli ýerleriniň 9 göteriminden hem az bölegine eýe bolmagyna garamazdan, dünýä ilatynyň tas 20 göterimini azyk bilen üpjün edýär.
2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň çäklerinde häkimiýetler bahalara gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmegi, tüwi bilen bugdaýyň iň pes satyn alyş bahalaryny goldamagy we dürli sebitlerdäki öndürijiler bilen söwda kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýärler.
SSTV+-niň habar bermegine görä, bu çäreler azyk üpjünçiliginiň durnuklylygyny saklamaga, daýhanlaryň bähbitlerini goramaga we esasy azyk önümleriniň bahalarynyň ýiti üýtgemeginiň öňüni almaga gönükdirilendir.










