Şanhaýdaky CIIE sergisi dürli ýurtlaryň kiçi we orta kärhanalaryna Hytaý bazaryna çykmaga mümkinçilik berýär

Noýabr 10, 2026 | 23:10 |146
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


5–10-njy noýabr aralygynda Şanhaýda geçirilýän dokuzynjy Hytaý halkara import sergisi (CIIE) dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen kiçi we orta kärhanalar üçin Hytaý bazaryna çykmagyň täze mümkinçiliklerini döredýär. Şu ýyl sergä daşary ýurtlardan 4142 eksponent gatnaşýar. Olaryň arasynda kiçi we orta önüm öndürijiler hem az däl.

Sergä gatnaşýanlaryň biri Braziliýanyň Matu-Grosu ştatydyr. Bu ştat CIIE sergisinde öz önümlerini yzly-yzyna dördünji ýyl görkezýär. Onuň pawilýonynda Braziliýanyň meşhur milli tagamy bolan feýžoadanyň esasy düzüm bölekleriniň biri — gara noýba aýratyn orun eýeleýär.

Invest in Mato Grosso agentliginiň halkara gatnaşyklar boýunça direktory Ariana Gedes de Oliweýranyň aýtmagyna görä, Braziliýanyň köp sanly kiçi kärhanalary Hytaý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýärler. Emma olaryň käbiri eksport düzgünleri barada ýeterlik maglumatlara eýe däl.

«Kiçi we orta kärhanalaryň köp sanly eýeleri täze mümkinçilikleri öwrenmek we Hytaý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýmak isleýärler. Olar ýokary hilli önümleri öndürýärler we Hytaýda bu önümlere islegiň bardygyny bilýärler. Ýöne Hytaýa eksport etmek üçin nähili talaplary ýerine ýetirmelidigine doly düşünmeýärler» diýip, ol belledi.

Sergi şeýle öndürijilere öz önümlerini mümkin bolan alyjylara görkezmäge we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berýär.

Elektron söwda hem halkara bazarynda önümleri öňe sürmegiň möhüm gurallarynyň birine öwrülýär. CIIE sergisinde gatnaşyjylar sergä gelip bilmeýän sarp edijilere önümlerini tanyşdyrmak üçin göni ýaýlymlardan giňden peýdalanýarlar.

Şu ýyl serginiň hormatly myhman ýurdy bolan Şri-Lanka Hytaý bazaryndaky ornuny giňeltmek maksady bilen birnäçe ýyl mundan ozal onlaýn söwda kanallaryny döredipdi.

Şri-Lankanyň Eksporty ösdürmek geňeşiniň direktor kömekçisi Apsara Arampat elektron söwdanyň Hytaýyň ýaş sarp edijileriniň arasynda aýratyn meşhurdygyny belledi.

«Eksportçylarymyzyň köpüsi Hytaýa haryt ibermek üçin elektron söwdadan peýdalanýarlar. Bu usul önümleri az mukdarda ibermäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem müşderileriň isleglerine has gowy düşünmäge kömek edýär» diýip, ol düşündirdi.

Şeýlelikde, sanly söwda platformalary kiçi kärhanalara ilkibaşdan uly möçberli üpjünçiligi ýola goýmazdan daşary ýurt bazarlaryny öwrenmäge şert döredýär.

Hytaý halkara import sergisi 2018-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ol dünýäde diňe import önümlerine bagyşlanan ilkinji milli derejeli sergi bolup durýar.

Geçen sekiz serginiň dowamynda oňa 180-den gowrak ýurduň, sebitiň we halkara guramanyň wekilleri gatnaşdy. Serginiň çäklerinde gazanylan deslapky söwda ylalaşyklarynyň umumy bahasy 580 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

SSTV+-niň habar bermegine görä, dokuzynjy CIIE sergisi daşary ýurtlardan 4142 eksponenti birleşdirip, kiçi we orta kärhanalara Hytaýda täze hyzmatdaşlary tapmaga, sarp edijileriň isleglerini öwrenmäge we sanly söwda platformalary arkaly satuwlaryny giňeltmäge ýardam berýär.

Beýleki habarlar