Hytaýyň iň uly lyžaçylyk merkezi gyş möwsümini açdy: 32 kilometrlik ýodalar we 21 sport çäresi

Hytaýyň iň uly lyžaçylyk merkezi bolan Ýabuli Sun Mountain 6-njy noýabrda ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatynda täze gyşky syýahatçylyk möwsümini açdy. Ilkinji myhmanlar gar bilen örtülen dag eňňitlerinde lyža typmaga başladylar, dynç alyş merkezi bolsa täzelenen desgalaryny we hyzmatlaryny tanyşdyrdy.
Daglaryň we tokaýlaryň arasynda ýerleşýän bu merkez Heýlunszýan welaýatynyň dolandyryş merkezi Harbin şäherinden takmynan 200 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde ýylyň dowamynda 170 güne çenli gar örtügi saklanýar. Bu bolsa lyža möwsüminiň uzak dowam etmegi üçin amatly şertleri döredýär.
Lyžaçylyk meýdançasynyň umumy çägi 1,2 million inedördül metre barabar bolup, ol bir wagtyň özünde 5700-e çenli myhmany kabul edip bilýär.
Ýabuli Sun Mountain merkezinde dürli kynçylyk derejesindäki 17 lyža ýodasy bar. Olaryň umumy uzynlygy 32 kilometre, beýiklik tapawudy bolsa 540 metre ýetýär. Bu ýerde täze öwrenýänler hem, tejribeli lyžaçylar hem sport bilen meşgullanyp bilýärler.
Möwsümiň açylyşy Heýlunszýan welaýatynda güýçli gar ýagmagy bilen gabat geldi. Bu ýagdaý ilkinji myhmanlary aýratyn begendirdi. Käbir syýahatçylar lyža typmagy öwrenmek üçin tälimçileriň hyzmatyndan peýdalandylar.
Ýabuli Hytaýyň gyşky sport boýunça öňdebaryjy merkezleriniň biridir. 2025-nji ýylda bu ýerde IX gyşky Aziýa oýunlarynyň gar üstünde geçirilýän sport görnüşleri boýunça ýaryşlary guraldy.
Täze möwsümde ýerli häkimiýetler Ýabuli sebitindäki 56 lyža ýodasyny we göteriji desgalaryň geçirijilik mümkinçiligini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem 21 iri sport we ýaryş çäresini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Sebitde agşamky syýahatçylygy ösdürmäge we ulag hyzmatlaryny gowulandyrmaga aýratyn üns berilýär.
Ýerli resmi Sýu Weýiň aýtmagyna görä, şu ýyl ýörite taýýarlanan ýodalardan daşardaky lyža ugurlarynyň dolandyrylyşy kämilleşdirildi, olaryň özüne çekijiligi ýokarlandyryldy we dagdan typmak üçin niýetlenen desgalar döwrebaplaşdyryldy.
Şeýle hem Harbin howa menzili bilen Ýabuliniň arasyndaky ýörite awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy we dynç alyş merkeziniň içindäki awtobus ulgamy gowulandyryldy.
SSTV+-niň habar bermegine görä, Hytaýyň iň uly lyžaçylyk merkezi täzelenen infrastruktura we hyzmatlar bilen gyş möwsümini açdy. Ýabuli sebitinde 21 iri çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär, ulag gatnawlarynyň gowulandyrylmagy bolsa syýahatçylar üçin has amatly şertleri döreder.










