Şanhaýdaky CIIE sergisinde ýürek-damar keselleriniň bejergisiniň elýeterliligi we dermanlaryň bahasyny arzanlatmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Noýabr 10, 2026 | 23:00 |141
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


5–10-njy noýabr aralygynda Şanhaýda geçirilýän dokuzynjy Hytaý halkara import sergisinde (CIIE) ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini giňeltmek we ýürek-damar kesellerini bejermegiň çykdajylaryny azaltmak möhüm mowzuklaryň birine öwrüldi.

Halkara farmasewtika kompaniýasy bolan Organon-yň uly wise-prezidenti Zafer Ünlüer dürli ýurtlaryň bazarlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli bejeriş usullaryny ýaýratmaga we lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligindäki tapawutlary azaltmaga ýardam berýändigini belledi.

Esasan zenanlaryň saglygy bilen bagly ugurlara ýöriteleşýän Organon kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri CIIE sergisine gatnaşýar. Ünlüeriň aýtmagyna görä, kompaniýanyň Hytaýdaky esasy maksatlarynyň biri ýaşaýan ýerine garamazdan, ähli näsaglar üçin ýokary hilli bejergini has elýeterli etmekdir.

«Biziň maksatlarymyz hökümetiň maksatlary bilen köp babatda gabat gelýär. Esasy wezipe näsaglaryň ýokary hilli bejergini amatly bahadan alyp bilmegini üpjün etmekdir. Bu işde etrap hassahanalarynda we ýerli saglyk merkezlerinde lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligi aýratyn möhümdir» diýip, ol aýtdy.

Kompaniýanyň wekili keselleri irki döwürde anyklamagyň, şeýle hem maliýe we geografik päsgelçilikleri azaltmagyň saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Ünlüer Hytaýyň häkimiýetleriniň näsaglaryň bejergi çykdajylaryny azaltmak boýunça alyp barýan işlerine, şol sanda milli saglyk ätiýaçlandyryşynyň çäklerinde tölegi ýapylýan derman serişdeleriniň sanawynyň täzelenmegine hem ýokary baha berdi.

Ol dünýäde ölüm ýagdaýlarynyň esasy sebäbi bolup durýan ýürek-damar kesellerine aýratyn üns çekdi.

Hususan-da, ganda ýaglaryň, şol sanda holesteriniň we trigliseridleriň derejesiniň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän giperlipidemiýa barada gürrüň edildi. Bu ýagdaý ýürek-damar keselleriniň döremek töwekgelçiligini ýokarlandyrýan möhüm şertleriň biridir.

Ünlüeriň sözlerine görä, soňky üç ýylda Hytaýda bu ugurdaky bejeriş usullaryny kämilleşdirmekde uly öňegidişlik gazanyldy.

Ol Hytaý bilen beýleki Aziýa bazarlarynyň arasynda tejribe alyşmagyň üstünlikli lukmançylyk usullaryny ornaşdyrmaga we näsaglara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

«Biz beýleki bazarlaryň iň gowy tejribelerini öwrenýäris, olaryň käbirini Hytaýda ulanýarys we öz tejribelerimizi hem beýleki Aziýa bazarlary bilen paýlaşýarys. Bu bejergidäki tapawutlary azaltmaga kömek edýär» diýip, Organon-yň wekili düşündirdi.

Dokuzynjy CIIE sergisinde lukmançylyk senagatyna we saglygy goraýyş ulgamyna bagyşlanan ýörite bölüm hereket edýär. Bu ýerde täze derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary we sanly saglygy goraýyş tehnologiýalary görkezilýär.

SSTV+-niň habar bermegine görä, sergä gatnaşyjylar lukmançylyk tehnologiýalary we tejribeler boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň, aýratyn-da kiçi şäherlerde we ýerli saglyk merkezlerinde bejerginiň elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin möhümdigini belleýärler.


Beýleki habarlar