Eýranda pisse hasyly 120 müň tonna çenli azaldy: dünýä önümçiligi 36 göterim pese gaçyp biler

Dowamly gurakçylyk, aşa yssy howa we geosyýasy çaknyşyklar 2026-njy ýylda Eýranda pisse önümçiliginiň düýpli azalmagyna getirdi. Hasyllylygyň peselmegi bilen Eýrandan Hytaýa iberilýän pisse önümleriniň möçberi hem ep-esli azaldy.
Halkara hoz we guradylan miweler geňeşiniň (INC) iýun aýynda çap eden maglumatlaryna görä, 2026/2027-nji ýyl möwsüminde dünýäde pisse önümçiliginiň takmynan 701 müň tonna bolmagyna garaşylýar. Bu öňki möwsüm bilen deňeşdirilende 36 göterim azdyr.
Şeýlelikde, soňky dört ýylda ilkinji gezek dünýäde pisse hasylynyň umumy möçberi bir million tonnadan aşak düşüp biler.
Eýranyň Kerman welaýatyndaky Rafsanjan şäheri ýurtda pisse ösdürip ýetişdirilýän esasy merkezleriň biridir. Eýranda pisse baglarynyň umumy meýdany takmynan 600 müň gektara barabardyr.
Adatça, Eýranda pisse agaçlary aprel — maý aýlarynda gülleýär, hasyl bolsa awgust — sentýabr aýlarynda ýygnalýar. Emma soňky iki ýylda gülleýän we miwe emele gelýän döwürde howanyň aşa gyzmagy agaçlara zyýan ýetirip, hasyllylygyň peselmegine sebäp boldy.
Eýran pisse assosiasiýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Behruz Agahtyň aýtmagyna görä, aprel aýyndaky güýçli yssy diňe geçen ýylky däl, eýsem şu ýylky hasyla hem täsir etdi.
«Bu ýyl Eýranda bary-ýogy 120 müň tonna töweregi pisse bar. Adaty şertlerde 240–250 müň tonna töweregi hasyl alyp bilerdik» diýip, ol belledi.
Şeýlelikde, şu ýylky hasyl garaşylan möçberden takmynan iki esse az bolup biler.
Ýygnalan pisse, adatça, golaýdaky gaýtadan işleýän kärhanalara iberilýär. Ol ýerde önümler daşky gabykdan arassalanýar, ýuwulýar, sortlanýar we satuwa taýýarlanýar.
Eýran pisseleri ululygyna we daşky görnüşine görä dürli toparlara bölünýär. Önümiň görnüşine baglylykda bir unsiýa (28,35 gram)18-den 38-e çenli pisse düşýär. Hil boýunça sortlamak üçin awtomatlaşdyrylan reňk saýlaýjy enjamlar ulanylýar.
Önümçiligiň azalmagy we bahalaryň ýokarlanmagy import edýän kompaniýalary satyn alyş usullaryny üýtgetmäge mejbur edýär.
Hytaý pisse isleginiň uly bölegini importyň hasabyna kanagatlandyrýar. Ýurt bu önümi esasan ABŞ-dan we Eýrandan satyn alýar. Üpjinçilik zynjyryndaky kynçylyklar sebäpli hytaý kompaniýalary pissäni satyn almak we gaýtadan işlemek üçin täze mümkinçilikleri gözleýärler.
Dubaýda geçirilen söwda sergisinde hytaý azyk kompaniýasynyň satyn alyşlar boýunça menejeri Ýan Szýuan kärhanasynyň pisse önümlerini gabykly görnüşde satyn almagy we maňzyny aýyrmak üçin täze gaýtadan işleýiş ugurlaryny tapmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu çemeleşme has amatly bahalary we durnukly üpjünçiligi üpjün etmäge kömek edip biler.
SSTV+-niň habar bermegine görä, amatsyz howa şertleri we beýleki faktorlar Eýranda pisse hasylynyň düýpli azalmagyna getirdi. Şol bir wagtyň özünde 2026/2027-nji ýyl möwsüminde dünýä önümçiliginiň 701 müň tonna çenli peselmegine garaşylýar, import edýän kompaniýalar bolsa satyn alyş strategiýalaryny täzeden gözden geçirýärler.










