Çunsindäki sergide Hytaýyň milli aşpezlik mirasynyň 118 görnüşi görkezilýär

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çunsin şäherinde dokuzynjy Hytaýyň maddy däl medeni miras sergisi geçirilýär. Sergide ýurduň dürli sebitleriniň däp bolan aşpezlik sungatyna aýratyn üns berilýär.
6-njy noýabrda açylan we 10-njy noýabra çenli dowam edýän sergi Hytaýyň dürli künjeklerinden maddy däl medeni mirasyň 890-dan gowrak taslamasyny bir ýere jemledi.
Serginiň iň köp myhman çekýän bölümleriniň biri takmynan 6 müň inedördül metr meýdany eýeleýän milli tagamlar bölümidir. Bu ýerde däp bolan naharlary, taýýarlanyş usullaryny we ýerli iýmit däplerini öz içine alýan aşpezlik mirasynyň 118 görnüşi görkezilýär.
Myhmanlar tagamlaryň taýýarlanyşyna tomaşa edip, olary dadyp görüp, şeýle hem olaryň taryhy we medeni aýratynlyklary bilen tanşyp bilýärler.
Sergide Çunsiniň meşhur hot-pot nahary, Henan welaýatynyň Loýan şäherine mahsus «Suwly zyýapat» tagamlar toplumy we Syçuanyň «bobo ji» diýlip atlandyrylýan, taýajyklara düzülen towuk etinden we beýleki önümlerden taýýarlanylýan tagamy görkezilýär.
Guramaçylar Hytaý aşpezligindäki möwsümleýin iýmitlenmek we azyk önümlerini aýawly peýdalanmak ýaly däp bolan ýörelgelere hem aýratyn üns berýärler.
Serginiň möhüm aýratynlyklarynyň biri myhmanlaryň medeni mirasy dowam etdirýän ussatlar bilen göni duşuşyp, olaryň iş usullaryny synlap we amaly çärelere gatnaşyp bilmegidir.
Şeýle gatnaşyjylaryň biri Hunan welaýatynyň Taoýuan sebitine mahsus «leýça» diýlip atlandyrylýan owralan çaý taýýarlamak däbini dowam etdirýän Se Ýuandyr.
Bu içgide bäş dürli tagam — süýji, turşy, ajy, ýiti we duzly tagamlar utgaşýar. Ony taýýarlamak diňe bir aşpezlik ussatlygy bilen däl, eýsem ýerli myhmansöýerlik däpleri bilen hem baglanyşyklydyr.
Se Ýuan täze önümleriň we sosial ulgamlarda paýlaşýan wideolarynyň kömegi bilen ýaş nesli bu däp bolan içgi bilen tanyşdyrýar. Ol öz çykyşlarynda oba medeniýeti we dogduk sebitiniň ýaşaýşy barada hem gürrüň berýär.
Onuň aýtmagyna görä, Taoýuanyň owralan çaýy diňe bir içgi taýýarlamagyň usuly däl, eýsem gündelik durmuşyň we myhman garşylamagyň möhüm bölegidir. Ol häzirki zaman maglumat serişdelerinden peýdalanyp, bu däbi gorap saklamagy we täze nesillere ýetirmegi maksat edinýär.
SSTV+-niň habar bermegine görä, Çunsinde geçirilýän dokuzynjy Hytaýyň maddy däl medeni miras sergisinde 890-dan gowrak medeni miras taslamasy, şol sanda milli aşpezlik däpleriniň 118 görnüşi görkezilýär. Myhmanlar ýurduň sebit tagamlary bilen tanyşyp, gadymy nahar taýýarlamak usullaryny saklap gelýän ussatlar bilen duşuşyp bilýärler.










