Hytaý 1000 kilometrden gowrak optiki süýüm liniýasynda her ugur boýunça 64 Tbit/s tizlikde maglumat geçirişini synagdan geçirdi

Hytaýda dünýäde ilkinji gezek içi boş optiki süýüm arkaly 1000 kilometrden gowrak aralyga hakyky wagt tertibinde iki taraplaýyn maglumat geçirmek synagy üstünlikli geçirildi. Synag bu tehnologiýa boýunça maglumat geçiriş aralygynyň täze rekordyny goýdy we geljekki nesliň aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek üçin mümkinçilikleri görkezdi.
Synagyň dowamynda hünärmenler uzynlygy 1007,48 kilometre ýetýän optiki süýüm liniýasyny gurnadylar. Munuň üçin hersinde iki kilometrden bäş kilometre çenli içi boş optiki süýüm bolan 300-den gowrak tegek ulanyldy.
Synaga gatnaşan hünärmenleriň maglumatlaryna görä, ilkinji gezek maglumatlary bir wagtyň özünde iki ugur boýunça, her ugurda sekuntda 64 terabit (Tbit/s) tizlik bilen geçirmek başartdy.
Bu geçirijilik ukyby göwrümi 50 gigabaýt bolan 160 sany 4K formatyndaky filmi bir sekuntda geçirmäge deňdir. Şol bir wagtyň özünde signalyň 1000 kilometr aralygy bir ugur boýunça geçmegi bary-ýogy 3,43 millisekunt wagt aldy.
Adaty optiki süýümlerde ýagtylyk signaly tutuş aýna özen arkaly geçirilýär. Täze tehnologiýada bolsa signal gaz bilen doldurylan boş özen arkaly geçýär. Bu usul maglumat geçirişindäki gijikmäni takmynan 30 göterim azaltmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ulanylýan iň netijeli tutuş özenli optiki süýümler bilen deňeşdirilende, täze tehnologiýa geçirijilik ukybyny iki esse artdyrýar we maglumat geçiriş aralygyny 60 göterim uzaldýar.
Şeýle hem synagda gazanylan aralyk içi boş optiki süýüm boýunça ozal geçirilen meňzeş synaglaryň netijelerinden 50 esse ýokary boldy.
China Telecom kompaniýasynyň täze nesliň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça baş bilermeni Ho Sýaoli bu synagyň uzak aralyga ýokary geçirijilik ukyby we pes gijikme bilen maglumat geçirmek mümkinçiligini tassyklandygyny aýtdy.
Onuň bellemegine görä, täze tehnologiýanyň möhüm artykmaçlyklarynyň biri hem maglumat geçirmek üçin eýýäm ulanylýan enjamlardan peýdalanyp bolmagydyr. Bu mümkinçilik geljekde hasaplaýyş kuwwatlyklaryny we maglumat merkezlerini birleşdirýän ulgamlary gurmakda peýdaly bolup biler.
SSTV+-niň habar bermegine görä, Hytaýda geçirilen synag 1007,48 kilometr aralyga bir wagtyň özünde iki taraplaýyn, her ugurda 64 Tbit/s tizlik bilen maglumat geçirmek mümkinçiligini görkezdi. Signalyň 1000 kilometr aralygy bir ugur boýunça geçiş wagty bolsa bary-ýogy 3,43 millisekunt boldy.










