Guangjoudaky Kanton ýarmarkasy daşary ýurtly alyjylaryň sany boýunça rekord goýdy

Noýabr 05, 2026 | 23:15 |116
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Halkara söwda sergileri diňe şertnamalaryň baglaşylýan meýdançalary bolmak bilen çäklenmän, dünýä ykdysadyýetindäki özgerişleriň hem möhüm görkezijisine öwrülýär. Innowasion tehnologiýalara, ekologiýa taýdan arassa önümlere we akylly çözgütlere bolan islegiň artmagy halkara söwdasynyň täze ugurlaryny kemala getirýär.

4-nji noýabrda Hytaýyň günortasyndaky Guangdong welaýatynyň merkezi Guangjou şäherinde 140-njy Hytaý import we eksport harytlarynyň ýarmarkasy — Kanton ýarmarkasy tamamlandy.

Bu gezekki çäre daşary ýurtly alyjylaryň sany boýunça täze rekord goýdy.

Ýarmarka dünýäniň 219 ýurdundan we sebitinden 352 müň daşary ýurtly alyjy gatnaşdy. Bu görkeziji öňki ýarmarka bilen deňeşdirilende 12,2 göterim ýokary boldy.

Sergä takmynan 32 müň kompaniýa gatnaşdy.

Olaryň 11 müňden gowragy innowasion önümleri öndürýän ýöriteleşdirilen we ýokary tehnologiýaly kärhanalar, şeýle hem aýry-aýry önüm görnüşleri boýunça öňdebaryjy kompaniýalar boldy.

Ýarmarkada Hytaýyň senagat pudagyndaky iň täze gazananlaryna we öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryna aýratyn üns berildi.

Görkezilen täze önümleriň arasynda ýokary derejeli ýarymgeçiriji çipler, täze nesliň energiýa saklaýyş ulgamlary we ýolagçy daşaýan uçarmansyz howa serişdeleri bar.

Emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan çözgütler hem gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyny döretdi.

Olaryň hatarynda hyzmat ediş robotlary, akylly öý enjamlary we saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan intellektual tehnologiýalar aýratyn tapawutlandy.

Bu önümler gündelik durmuşda amaly taýdan peýdalanmaga we daşary ýurtly sarp edijileriň täze isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Kanton ýarmarkasynda jemi 4 million 880 müň eksponat görkezildi.

Täze önümleriň paýy 23,2 göterime, ekologiýa taýdan arassa önümleriň paýy bolsa 26 göterime ýetdi. Bu iki görkeziji hem rekord derejä çykdy.

Mundan başga-da, görkezilen önümleriň 26 göterimi özbaşdak intellektual eýeçilik hukuklaryna eýe boldy.

Bu maglumatlar Hytaýyň daşary söwdasynda innowasiýalaryň, öz tehnologiýalaryna esaslanýan önümçiligiň we ekologiýa taýdan durnukly çözgütleriň ähmiýetiniň artýandygyny görkezýär.

Indiki, 141-nji Kanton ýarmarkasy 2027-nji ýylyň 15-nji aprelinden 5-nji maýyna çenli Guangjou şäherinde geçiriler.

SSTV+-niň habar bermegine görä, Guangjouda tamamlanan 140-njy Kanton ýarmarkasy daşary ýurtly alyjylaryň sany boýunça rekord goýup, 219 ýurtdan we sebitden 352 müň alyjyny kabul etdi. Serginiň esasy aýratynlyklary ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň giňden gatnaşmagy, şeýle hem täze we ekologiýa taýdan arassa önümleriň paýynyň rekord derejä ýetmegi boldy.


Beýleki habarlar