Hytaýda 10 müňden gowrak akylly zawod işleýär, 8 müňden gowrak lukmançylyk edarasy emeli aňdan peýdalanýar

Emeli aň diňe synag tehnologiýasy bolmakdan çykyp, gündelik işiň amaly guralyna öwrülýär. Onuň ulanylyşy senagaty, oba hojalygyny, saglygy goraýşy we hyzmatlar ulgamyny öz içine alyp, çylşyrymly işleri awtomatlaşdyrmaga hem-de zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
3-nji noýabrda Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda Hytaýyň Ösüş we özgertmeler boýunça döwlet komiteti ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça gazanylan netijeleri mälim etdi.
Edaranyň Innowasiýalar we ýokary tehnologiýaly ösüş departamentiniň başlygynyň orunbasary Wan Žomeng Hytaýda eýýäm 10 müňden gowrak öňdebaryjy akylly zawodyň döredilendigini habar berdi.
Bu kärhanalarda önümçilik işlerini dolandyrmak üçin sanly ulgamlar we intellektual enjamlar giňden ulanylýar.
Oba hojalygynda emeli aň tehnologiýalary ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna has takyk gözegçilik etmäge we serişdeleri tygşytly peýdalanmaga ýardam berýär.
Resminiň aýtmagyna görä, bu tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy pestisidleriň we dökünleriň ulanylyşyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem oba hojalyk önümçiliginiň howa şertlerine we şahsy tejribä aşa baglylygyny peseltmäge ýardam edýär.
Maliýe, logistika we halkara söwda ulgamlarynda hem emeli aň agentleriniň ulanylyşy giňelýär.
Bu ulgamlar şertnamalary barlamak, gümrük deklarasiýalaryny taýýarlamak, salgyt hasabatlaryny tabşyrmak we ätiýaçlandyryş arzalaryny işlemek ýaly wezipeleri özbaşdak ýerine ýetirip bilýär.
Netijede, işgärleriň sanly kömekçiler bilen bilelikde işlemegine esaslanýan täze zähmet modeli kemala gelýär.
Saglygy goraýyş ulgamynda hem möhüm ösüş gazanyldy.
Hytaý boýunça ilkinji lukmançylyk kömegini berýän 8 müňden gowrak edara emeli aňyň kömegi bilen lukmançylyk şekillerini seljerýän bulutlaýyn hyzmatlara birikdirildi.
Edaranyň maglumatlaryna görä, bu çözgütler keselleri anyklamagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we lukmançylyk edaralarynyň diagnostika mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berdi.
Geljekki bäş ýylyň dowamynda Hytaý emeli aňy ykdysadyýete we jemgyýetçilik durmuşyna giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen «Emeli aň plýus» başlangyjyny ösdürmegi meýilleşdirýär.
Howply, agyr we tehniki taýdan çylşyrymly işlerde intellektual ulgamlary ulanmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolar.
Şeýle işleriň hatarynda dag-magdan önümçiligi, beýiklikde ýerine ýetirilýän işler we adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini aradan aýyrmak çäreleri görkezildi.
Mundan başga-da, senagatda, energetikada, ulag ulgamynda we saglygy goraýyşda emeli aň çözgütlerini synagdan geçirmek hem-de ornaşdyrmak üçin milli synag meýdançalaryny ösdürmek göz öňünde tutulýar.
2024-nji ýylda hökümetiň iş hasabatynda ilkinji gezek yglan edilen «Emeli aň plýus» başlangyjy önümçilik işlerini döwrebaplaşdyrmagy, adamlaryň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirmegi we adam bilen intellektual ulgamlaryň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär.
SSTV+-niň habar bermegine görä, Hytaý 2026–2030-njy ýyllarda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylyşyny has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda ýurtda 10 müňden gowrak öňdebaryjy akylly zawod işleýär, 8 müňden gowrak lukmançylyk edarasy bolsa diagnostiki şekilleri seljermek üçin bulutlaýyn emeli aň hyzmatlaryndan peýdalanýar.










