Hytaýda emeli aňyň robotlaşdyrylan ulgamlar bazary 915 milliard ýuana ýetdi, emeli aňyň ulanylyşy bolsa 1000 esseden gowrak artdy

Noýabr 05, 2026 | 23:00 |119
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Emeli aň dünýä ykdysadyýetiniň özgermeginde esasy hereketlendiriji güýçleriň birine öwrülýär. Häzirki wagtda onuň ösüş gerimi diňe täze tehnologiýalaryň sany bilen däl, eýsem bazaryň möçberi, sanly ulgamlaryň ulanylyş derejesi we olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen hem ölçenilýär.

4-nji noýabrda Hytaýyň Çžeszýan welaýatynyň Uçžen şäherçesinde geçirilen Bütindünýä internet konferensiýasynyň sammitinde «Hytaýda internetiň ösüşi — 2026» we «Dünýäde internetiň ösüşi — 2026» atly hasabatlar tanyşdyryldy.

Maglumatlara görä, Hytaýda fiziki gurşaw bilen özara hereket edýän emeli aň tehnologiýalarynyň, şol sanda robotlaşdyrylan ulgamlaryň bazary 2025-nji ýylda 915 milliard ýuana, ýagny takmynan 137,13 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 20,4 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem kärhanalar üçin niýetlenen emeli aň agentleriniň bazary çalt ösdi. 2025-nji ýylda onuň möçberi 21,2 milliard ýuana ýa-da 3,18 milliard dollara ýetdi.

Generatiw emeli aň ulgamlarynyň ulanylyşynda aýratyn uly ösüş hasaba alyndy.

2026-njy ýylyň mart aýynda Hytaýda emeli aň ulgamlarynyň bir günde ortaça işleýän tokenleriniň sany 140 trilliona ýetdi. Iki ýylyň dowamynda bu görkeziji 1000 esseden gowrak artdy.

2026-njy ýylyň iýun aýyna çenli generatiw emeli aňyň 924 hyzmaty resmi hasaba alyş amallaryny tamamlady. Şeýle hem emeli aň bilen bagly 573 programma ýa-da funksional çözgüt hasaba alyndy.

Bütindünýä internet konferensiýasynyň Elektron söwda boýunça ýöriteleşdirilen komitetiniň başlygynyň orunbasary Çen Baýhuý açyk tehnologiýalaryň we bilelikdäki hyzmatdaşlygyň emeli aňy ulanmagyň çykdajylaryny azaltmaga ýardam edýändigini belledi.

Onuň pikirine görä, bu mümkinçilikler ösüp barýan ýurtlaryň kiçi we orta kärhanalary üçin aýratyn möhümdir. Şeýle çözgütler önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we dünýäniň sanly ykdysadyýetine goşulyşmaga ýardam berýär.

«Dünýäde internetiň ösüşi — 2026» atly hasabatda 2030-njy ýyla çenli emeli aňyň dünýä ykdysadyýetine goşjak goşandynyň 22,3 trillion dollara ýetip biljekdigi çaklanylýar. Hasabatda bu görkeziji şol ýylky dünýä jemi içerki önüminiň 3,7 göterimine deň diýlip görkezilýär.

Şol bir wagtyň özünde hünärmenler ýurtlaryň arasynda sanly mümkinçilikleriň deň bolmazlygynyň güýçlenip, emeli aň tehnologiýalaryna elýeterlilik boýunça täze tapawutlaryň döremegine getirip biljekdigini duýdurýarlar.

AI Safety Connect guramasynyň esaslandyryjylarynyň biri Saýrus Hodes emeli aňyň halkara derejesinde düzgünleşdirilmegi, howpsuzlyk mehanizmleriniň döredilmegi we täze ulgamlaryň jogapkärçilikli ulanylmagy boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.

Uçžen sammitine dünýäniň 138 ýurdundan we sebitinden takmynan 1800 wekil gatnaşýar.

SSTV+-niň habar bermegine görä, Bütindünýä internet konferensiýasynda çap edilen hasabatlar Hytaýyň emeli aň pudagynyň örän çalt ösýändigini görkezýär. Esasy görkezijileriň arasynda 915 milliard ýuanlyk bazar möçberi we iki ýylyň dowamynda emeli aň ulgamlarynda gündelik token ulanylyşynyň 1000 esseden gowrak artmagy bar.


Beýleki habarlar