Hytaýda 90-a golaý robot topary Taýşan dagyna çykmak boýunça bäsleşýär

Noýabr 03, 2026 | 20:30 |68
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Robototehnikanyň ösüşi döwrebap enjamlaryň mümkinçiliklerini barha giňeldýär. Häzirki wagtda robotlar diňe önümçilik kärhanalarynda däl, eýsem çylşyrymly tebigy şertlerde hem synagdan geçirilip, inženerçilik ylmynyň täze gazananlaryny görkezýär.

2-nji noýabrda Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň Taýan şäherinde Hytaýyň Mediakorporasiýasy (CMG) tarapyndan guralan Taýşan dagyna çykmak boýunça halkara robot bäsleşigi başlandy.

Çärä adam şekilli robotlaryň, dört aýakly robotlaryň we robotlaşdyrylan ekzoskeletleriň 90-a golaý topary gatnaşýar.

Bäsleşige gatnaşyjylar Taýşan dagyndaky Hunmen bilen Çžuntýanmeniň arasyndaky uzynlygy 3,9 kilometre ýetýän gadymy daş ýodany geçmeli.

Bu ugurda takmynan 3100 basgançak ýerleşýär. Ýoluň beýiklik tapawudy 600 metre ýetýär.

Yzygiderli daş basgançaklar, dik eňňitler we ýiti öwrümler robotlaryň hereket ediş ulgamyny, deňagramlylygyny we dolandyryş mümkinçiliklerini synagdan geçirýär.

Dört aýakly robotlar dag ýoluny geçmek bilen birlikde, olaryň käbirleri azyk önümlerini hem daşaýar. Bu bolsa şeýle enjamlaryň kyn geçilýän ýerlerde ýük daşamak üçin ulanylyp bilinjekdigini görkezýär.

Adam şekilli robotlar hem daş basgançaklar boýunça ýokary galyp, çylşyrymly ýerlerde deňagramlylygy saklamak we hereketleri sazlaşdyrmak mümkinçiliklerini görkezýärler.

Gadymy dag ýodasy täze ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalary görkezmek üçin tebigy bäsleşik meýdançasyna öwrüldi. Ýoluň ugruna ýygnanan tomaşaçylar robotlaryň çykyşlaryny synlaýarlar.

Şeýle synaglar robotlaşdyrylan ulgamlaryň diňe laboratoriýa şertlerinde däl, eýsem hakyky tebigy gurşawda hem nähili işleýändigini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.

SSTV+-niň habar bermegine görä, Hytaýyň Şandun welaýatynda 90-a golaý robot topary Taýşan dagyna çykmak boýunça bäsleşip, müňlerçe daş basgançagy geçmek arkaly döwrebap robototehnikanyň gazananlaryny görkezýär.


Beýleki habarlar