Gonkongyň häkimiýetleri ölümli ýangyndan soň jogapkärçilik çärelerini we özgertmeleri yglan etdi

Noýabr 02, 2026 | 19:15 |79
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Gonkongyň ýörite administratiw sebitiniň hökümeti Tai Po etrabyndaky Wang Fuk Court ýaşaýyş toplumynda bolan uly ýangyn boýunça derňew hasabatyny çap etdi. Derňewiň netijeleri boýunça häkimiýetler jogapkärçilige çekmek çärelerini we geljekde amala aşyryljak özgertmeleri yglan etdiler.

Metbugat ýygnagynda Gonkongyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Jon Li pajygaly waka bilen baglylykda ötünç sorady. Onuň aýtmagyna görä, hökümet bolan waka üçin syýasy jogapkärçiligi çekmeli esasy wezipeli şahsy kesgitledi. Şeýle hem häkimiýetler waka gatnaşan şahslara we kompaniýalara garşy jenaýat jogapkärçiligini talap etmegi, degişli döwlet gullukçylarynyň hereketlerini bolsa derňemegi meýilleşdirýärler.

Garaşsyz komitetiň hasabatynyň esasynda binalaryň howpsuzlyk ulgamyny toplumlaýyn özgertmek göz öňünde tutulýar. Meýilleşdirilýän çäreleriň hatarynda binalara hyzmat etmek boýunça tenderlerde bikanun ylalaşyklary gadagan etmek, ýöriteleşdirilen býuro döretmek, bitewi maglumat binýadyny ýola goýmak we şikaýatlara garamak mehanizmini täzelemek bar.

Ýangyn 2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda ýaşaýyş toplumynda abatlaýyş işleri alnyp barylýan wagty ýüze çykdy. Ot ýedi binany gurşap alyp, 168 adamyň ölümine sebäp boldy. Pajygadan öň bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda toplumyň howpsuzlygy bilen bagly şikaýatlar gelip gowuşdy.

CCTV+ habar bermegine görä, Gonkongyň häkimiýetleri ýüze çykarylan kemçilikleri aradan aýyrmagy we şuňa meňzeş pajygalaryň gaýtalanmazlygy üçin ulgamlaýyn özgertmeleri geçirmegi maksat edinýärler.

Beýleki habarlar