Hytaýda WIoT Expo 2026 sergisinde zatlaryň interneti ulgamyndaky täze işläp taýýarlamalar görkezildi

Noýabr 02, 2026 | 19:12 |81
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň gündogaryndaky Szýansu welaýatynyň Usi şäherinde WIoT Expo 2026 Bütindünýä zatlaryň interneti sergisi açyldy. Onda senagatyň ösüş meýillerini görkezýän we zatlaryň interneti pudagy üçin täze mümkinçilikleri döredýän tehnologiýalar hem-de çözgütler hödürlenýär.

Sergi 2-nji noýabra çenli dowam eder. Onuň çäklerinde täze işläp taýýarlamalaryň tanyşdyrylyşy, şertnamalara gol çekmek, amaly meseleler üçin çözgütleri saýlamak we işewür gatnaşyklary ýola goýmak ýaly 100-den gowrak ýöriteleşdirilen çäre geçiriler. Önümçilik zynjyrynyň dürli ugurlaryna wekilçilik edýän müňden gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergä gelenleriň ünsüni çeken eksponatlaryň biri daşarky batareýadan uly bolmadyk hemra aragatnaşyk enjamy boldy. Ol ýerüsti aragatnaşyk ulgamy bolmadyk sebitlerde hem hemra arkaly SOS kömek signallaryny ibermäge mümkinçilik berýär. SpaceIoT kompaniýasynyň çözgütler boýunça direktory Sin Wenşeniň aýtmagyna görä, enjam daşary ýurtlarda iş alyp barlanda, iş saparlarynda we uzak sebitlerde işleýän işgärleriň adatdan daşary ýagdaýlarynda ulanylyp bilner.

Üns çeken beýleki bir işläp taýýarlama bolsa ünsi jemlemek arkaly robot goluny dolandyrmaga mümkinçilik berýän ýörite baş daňysydyr. Enjam beýniniň prefrontal böleginden gelýän signallary kabul edip, olary daşarky enjam bilen baglanyşdyrýar. Netijede, ulanyjy dolandyryş düwmelerine degmezden robot goluna buýruk berip bilýär.

CCTV+ habar bermegine görä, WIoT Expo 2026 sergisi zatlaryň interneti tehnologiýalarynyň uzak sebitlerde hemra aragatnaşygyndan başlap, adam bilen robot enjamlarynyň özara täsirine çenli dürli ugurlarda amaly ulanylyşyny görkezýär.

Beýleki habarlar