“Global Unicorn Top 500” sanawyna 150 sany hytaý kompaniýalary girdi

2025-nji ýylyň Global Unicorn Top 500 sanawyna 150 sany Hytaý kompaniýalary girdi. Statistika maglumatlayna görä, “Global Unicorn Top 500 Enterprises 2025” kompaniýalarynyň umumy gymmatlygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30 göterim ýokary bolup, 39,14 trillion ýuana (5,5 trillion ABŞ dollaryna) barabardyr. Bu sanawda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Hytaýyň kompaniýalary sany boýunça agdyklyk edýändir.
Emeli intellekt esasynda işleýän hususy kompaniýalar Maglumatlar Tehnologiýasynda we öňdebaryjy önümçilikde has işjeň hereket edýärler. Şeýle kompaniýalaryň sany dünýäde 80 göterim ýokarlanyp, 36-a ýetdi, Hytaý kompaniýalarynyň sany 2-den 9-a çenli köpeldi, bu bolsa 350 göterim ösüş diýmekdir.
“Emeli intellekt esasynda işleýän hususy kompaniýalar häzirki wagtda Hytaýyň 15-nji bäş ýyllyk meýilnamasynyň bir bölegi bolup, ylym, tehnologiýa we maliýe ugurlaryny öz içine alýan kanunlar we düzgünler arkaly hususy pudak goldanylýandyr” diýip, Hytaýyň Oýlap tapyşlar birleşiginiň wekili Si Şusian belledi.
Önümçilikde, awtoulag tehnologiýalarynda, logistikada, durmuş hyzmatlarynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde emeli intellekt esasynda işleýän hususy kompaniýalaryň sany boýunça Hytaý döwleti dünýäde öňdeligi eýeleýär. Gymmaty 1 milliard ABŞ dollaryndan gowrak we on ýyldan az iş tejribesi bolan şeýle hususy kompaniýalary innowasiýalaryň we ykdysady taýdan kuwwatlylygyň esasy görkezijileridir.







