Hytaý 2030-njy ýyla çenli Aýa ilkinji ekipažly gonuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär

Noýabr 02, 2026 | 19:00 |66
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý 2030-njy ýyla çenli Aýa ilkinji ekipažly gonuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Hytaýyň pilotirlenýän kosmos maksatnamasynyň baş konstruktor orunbasary Wan Sýan Pekinde geçirilýän Pilotirlenýän kosmonawtika boýunça VII simpoziumda aýtdy.

Meýilnama laýyklykda, missiýa üç sany kosmonawt gatnaşar, olaryň ikisi Aýyň üstüne düşer. Hytaýyň Pilotirlenýän kosmonawtika agentliginiň maglumatyna görä, Aýa gonuş tapgyryna degişli ähli işler yzygiderli alnyp barylýar.

Agentlik şeýle hem Hytaýyň kosmos stansiýasynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen alymlar üçin ylmy synaglary geçirmek üçin açyk boljakdygyny habar berdi. Halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda ylmy barlaglar, kosmonawtlary taýýarlamak, bilelikdäki uçuşlar we ylmy bilimleri ýaýratmak bar.

2026-njy ýylda Hytaýyň kosmos pudagynyň döredilmeginiň 70 ýyllygy we Hytaýyň kosmos stansiýasynyň gurluşygynyň doly tamamlanmagynyň dördünji ýyllygy bellenilýär.

Iki gün dowam edýän simpoziuma 800-den gowrak bilermen we alym gatnaşýar. Olar sanly we akylly tehnologiýalaryň pilotirlenýän kosmos uçuşlarynda ulanylyşyny, häzirki zaman inženerçilik çözgütlerini we pudagyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Çäräniň maksatnamasyna üç ugur boýunça 15 bölümleýin forum girýär. Olarda pilotirlenýän kosmos uçuşlarynyň umumy tehnologiýalary, Ýeriň pes orbitasyndaky ekipažly kosmos stansiýasy we Aýy öwrenmek boýunça missiýalar ara alnyp maslahatlaşylýar.

CCTV+ habar bermegine görä, simpozium ylmy netijeleri alyşmak we geljekki Aý missiýalaryny goşmak bilen, pilotirlenýän kosmonawtikanyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.

Beýleki habarlar