Hytaý benziniň we dizel ýangyjynyň lomaý bahalarynyň ýokarlandyrylmagyny ýumşatdy

Energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky gymmatlamagy döwletleriň öňünde üpjünçiligiň durnuklylygyny we ýangyjyň sarp edijiler üçin elýeterliligini deňagramly saklamak wezipesini goýýar. Hytaýda nebit bahalarynyň ýokarlanmagynyň içerki bazara ýetirýän täsirini azaltmak üçin çäreler görüldi.
Hytaýyň Milli ösüş we özgertmeler komissiýasy (NDRC) penşenbe güni 30-njy oktýabrdan başlap benziniň we adaty dizel ýangyjynyň lomaý bahalarynyň bir tonna üçin degişlilikde 345 we 335 ýuan ýokarlandyryljakdygyny habar berdi. Bu takmynan 51,8 we 50 ABŞ dollaryna deňdir.
Ilkibaşda benziniň bir tonnasynyň bahasyny 440 ýuan, dizel ýangyjynyň bahasyny bolsa 420 ýuan ýokarlandyrmak meýilleşdirilipdi. Emma soňky düzediş netijesinde ýokarlandyrmagyň möçberi degişlilikde 95 we 85 ýuan azaldyldy.
Komissiýanyň maglumatyna görä, 15-nji oktýabrdaky öňki baha düzedişinden soň Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi halkara çig nebit bahalarynyň çalt ýokarlanmagyna sebäp boldy. Täze çäreler bu ösüşiň içerki bazara ýetirýän täsirini çäklendirmäge gönükdirilendir.
NDRC-niň Bahalary gözegçilikde saklamak we sertifikatlaşdyrmak merkeziniň gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň bahalary we çykdajylary boýunça bölüminiň direktory Býan Çžen soňky on iş gününiň dowamynda halkara nebit bahalarynyň ortaça derejesiniň düýpli ýokarlanandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, düzediş sarp edijileriň çykdajy ýüküni ýeňletmek bilen bir hatarda, gaýtadan işlenen nebit önümleriniň howpsuz we durnukly üpjünçiligini saklamaga gönükdirilendir.
Hytaýyň nebit önümlerine baha kesiş mehanizmine laýyklykda, benziniň we dizel ýangyjynyň iň ýokary bölek satuw bahalary halkara nebit önümleriniň ortaça bahasyndaky üýtgeşmelere görä her on iş gününden soň täzeden gözden geçirilýär. 15-nji oktýabrdaky düzedişden bäri Brent nebitiniň fýuçers bahalary ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejesine golaýlady.
Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň nebit we gaz syýasaty hem-de hukugy boýunça ylmy-barlag merkeziniň direktory Çen Şouhaý bahalary sazlamakda sarp edijileriň töleg ukybyny we bazaryň durnukly üpjünçiligini bilelikde göz öňünde tutmagyň zerurdygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, häkimiýetler sarp edijileriň çykdajylaryny azaltmak üçin bahalaryň ýokarlanmagyny mümkin boldugyça çäklendirmeli, şol bir wagtyň özünde önümçilikde bökdençlikleriň öňüni almak maksady bilen nebiti gaýtadan işleýän kärhanalara import çykdajylarynyň belli bir bölegini sarp edijilere geçirmek mümkinçiligini bermeli.
CCTV+ habar bermegine görä, Hytaýda ýangyç bahalaryna girizilen düzediş dünýä bazarynda nebitiň gymmatlamagynyň netijelerini ýumşatmak bilen bir hatarda, sarp edijileriň bähbitleri we içerki nebit önümleri bazarynyň durnuklylygy arasynda deňagramlylygy saklamaga gönükdirilendir.









