HKP-niň XXI gurultaýy 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda Pekinde geçiriler

Oktýabr 30, 2026 | 11:30 |83
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Syýasy çözgütler diňe bir ýurduň häzirki ugruny däl, eýsem onuň geljekki ösüşiniň esasy maksatlaryny hem kesgitleýär. Hytaýyň Kommunistik partiýasy (HKP) XXI milli gurultaýyny 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda Pekinde geçirer. Bu barada partiýanyň Merkezi komitetiniň plenumynyň netijeleri boýunça penşenbe güni çap edilen resmi beýanatda habar berildi.

HKP-niň XX çagyrylyşynyň Merkezi komitetiniň bäşinji plenumy duşenbeden penşenbe gününe çenli Pekinde geçirildi. Onda partiýanyň öz-özüni dolandyrmakda doly we berk düzgün-nyzam ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirmek barada rezolýusiýa kabul edildi.

Mejlise HKP Merkezi komitetiniň Syýasy býurosy başlyklyk etdi. Jemleýji beýanatda bellenilişi ýaly, HKP Merkezi komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin möhüm çykyş etdi.

Merkezi komitet XXI gurultaýyň sosialistik döwrebaplaşdyrmagy esasan amala aşyrmak maksadynyň durmuşa geçirilýän we “Ikinji ýüz ýyllyk maksat” ugrunda täze tapgyryň başlanýan möhüm döwründe geçiriljekdigini aýtdy. Resminamada bu gurultaýyň partiýa we ýurt üçin uly syýasy ähmiýete eýe boljakdygy nygtalýar.

Plenumyň netijeleri boýunça tutuş partiýa Hytaýyň ähli etniki toparlarynyň wekillerini sosialistik döwrebaplaşdyrma maksadyna ýetmek üçin bilelikde zähmet çekmäge ruhlandyrmaga çagyryldy. Şeýle hem Hytaýyň kuwwatly döwrebap döwlet hökmünde gurulmagyny we hytaý döwrebaplaşdyrmasy arkaly milli galkynyşyň ähli ugurlarda ilerledilmegini dowam etdirmek, gurultaýyň üstünlikli geçirilmegine anyk işler bilen taýýarlyk görmek zerurdygy bellenildi.

CCTV+ habar bermegine görä, HKP-niň XXI gurultaýyny 2027-nji ýylda geçirmek baradaky karar Hytaýyň ýakyn ýyllardaky esasy syýasy ugurlarynyň birini kesgitledi we döwrebaplaşdyrma hem-de milli ösüş maksatlarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady.



Beýleki habarlar