Hytaý dünýäde ilkinji awtomatlaşdyrylan sement önümçiligi bilen tanyşdyrdy

Dekabr 05, 2025 | 21:35 |50
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda dünýäniň ilkinji awtomatlaşdyrylan sement önümçilik desgasy işe girizildi. Täze başlan bu desga sement önümçiliginde zähmet çykdajylaryny we energiýa sarp edilişini ep-esli azaldar.

Adaty sement öndüriji kärhanalarda öňünden gyzdyryp bişirmek ýaly esasy tapgyrda 6-10 işçi gerekdi. Emma häzirki wagtda sement önümçiligi doly awtomatlaşdyryldy. Şol sebäpli köp sanly wezipeler intellektual amallar merkezine geçirildi.

Indi işler wirtual sanly 3D kärhanasy arkaly uzakdan dolandyrylýar. Işçiler öz ýerlerinden sanly ulgamyň kömegi bilen amallary ýerine ýetirmek mümkinçiligine eýe boldular. Ähli önümçilik, daşky gurşaw we howpsuzlyk barada maglumatlar ekranlarda görkezilýär.

“Bu ýerde önümçilik işleriniň sanlylaşdyrylmagyň derejesi 95 göterimden geçýär. Önümçilik barada maglumatlara esaslanyp amala aşyrylýan işler sebäpli sement öndürmek üçin sarp edilýän energiýa 24,8% peseldi. Bu bolsa I derejeli energiýa sarp ediş babatyndaky milli ülňelerden örän pesdir. Biziň önümlerimiziň hil derejesi 100% ýetdi” diýip, “BBMG Jidong Cement Group” kompaniýasynyň şahamçasynyň Amallar bölüminiň başlygy Žou Sian aýtdy.

Beýleki habarlar