Hytaýyň Sinszýan sebitinde unaby hasyly daýhanlaryň girdejisini artdyrýar

Oktýabr 29, 2026 | 19:35 |120
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Ruosýan etrabynda unaby (Ziziphus jujuba) hasylyny ýygnamak möwsümi başlandy. Bu miwe ekini ýerli daýhanlaryň girdejisini artdyrmaga ýardam edýär. Şu ýyl 12 müň gektardan gowrak meýdandaky unaby agaçlary hasyl ýygnamaga taýýar.

Unaby Türkmenistanda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň miwelerini, aýratyn-da, bişýän möwsüminde Aşgabadyň bazarlarynyň tekjelerinde görmek bolýar. Şonuň üçin Hytaýyň Ruosýan etrabynda oba hojalygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu ekin türkmenistanlylara hem tanyşdyr.

Ruosýan etraby Takla-Makan çölüniň çetinde ýerleşýär. Bu ýerde gün şöhlesiniň köp bolmagy we howanyň ýokary temperaturasy unaby ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Ýerli miweler şekeriniň ýokarylygy we tagamy bilen tapawutlanýar.

Hasyl ýygnalanda daýhanlar bişen miweleri agaçlaryň şahalaryndan agaç taýaklaryň kömegi bilen kakyp düşürýärler. Soňra unaby miweleri güne serilip guradylýar, elekden geçirilýär we gaýtadan işlemek üçin taýýarlanylýar.

Ýerli öndürijileriň maglumatyna görä, unaby ösdürip ýetişdirmek bir gektardan 15 müň ýuandan gowrak girdeji getirip biler. Mysal üçin, Wan Huýyň maşgalasy 21 mu, ýagny takmynan 1,4 gektar meýdanda unaby ösdürýär. Maşgala şu ýyl 10 tonna töweregi hasyl almagyna garaşýar. Bu bolsa geçen ýylky görkezijiden biraz ýokarydyr.

Ýerli önümleri tanatmak maksady bilen etrapda her ýyl sergiler, söwda ýarmarkalary we halk medeniýetine bagyşlanan çäreler geçirilýär. Bu çäreler önümleriň satuw mümkinçiliklerini giňeltmäge, sarp edijileri ýerli önümler bilen tanyşdyrmaga we pudagyň ösüşini goldamaga ýardam edýär.

CCTV+-nyň habar bermegine görä, amatly tebigy şertler, daýhanlaryň tejribesi we önümleri tanatmak boýunça geçirilýän çäreler unaby önümçiliginiň Ruosýan etrabynyň oba hojalygyndaky ähmiýetini saklamaga hem-de daýhan hojalyklarynyň girdejisini artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge ýardam berýär.

Beýleki habarlar