Pagta meýdanlaryndaky moda görkezişleri we halk tanslary Sinszýanda güýzki syýahatçylygy janlandyrýar

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Awat etrabynda pagta meýdanlarynda geçirilýän moda görkezişleri we güýzki agaçlaryň arasynda guralýan köpçülikleýin tanslar syýahatçylygy ösdürmäge ýardam berýär. Bu çäreler baýramçylykdan soň adatça syýahatçylaryň sany azalýan döwürde myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär.
Akсу welaýatynyň düzümindäki Awat etraby Hytaýyň «pagta paýtagty» hökmünde, şeýle hem Dolan medeniýetiniň möhüm merkezleriniň biri hökmünde tanalýar. Dolan däpleri joşgunly ritmi bilen tapawutlanýan däp bolan saz sungatynyň bir görnüşi bolan mukam we onuň sazyna ýerine ýetirilýän gujurly köpçülikleýin halk tanslary bilen meşhurdyr.
Pagta hasylyny ýygnamak möwsüminiň dowam edýän wagtynda etrapda uzyn süýümli pagta meýdanynda moda görkezişi geçirildi. Görkezilen egin-eşikler ýerli öndürilen matalardan taýýarlanyp, sebit medeniýetine mahsus aýratynlyklary özünde jemledi. Bu görkeziş ýörite şol çärä gatnaşmak üçin gelen syýahatçylarda uly täsir galdyrdy.
Pagtaçylyk Türkmenistanyň oba hojalygynda hem möhüm orun eýeleýär we dokma senagaty üçin çig mal bilen üpjün edýär. Sinszýandaky ýaly, Türkmenistanda hem bu ekin diňe bir oba hojalyk önümçiligi bilen çäklenmän, eýsem, çig maly gaýtadan işlemek we taýýar önümleri öndürmek bilen hem baglanyşyklydyr.
«Bu egin-eşikler döwrebap we özüne çekiji. Şeýle hem uzyn süýümli pagtadan taýýarlanan, öý üçin niýetlenen dürli döredijilikli dokma önümleri görkezilýär» diýip, Hytaýyň günorta-günbataryndaky Sычuan welaýatyndan gelen syýahatçy Çžou Ýuju aýtdy.
Awat etrabyndaky derek tokaýy hem güýz paslynda syýahatçylaryň köp barýan ýerleriniň biridir. Bu möwsümde agaçlaryň reňklenen ýapraklary aýratyn gözel görnüş döredýär, olaryň şekili bolsa agaçlaryň aşagyndaky ýalpak suwa düşýär.
Tokaýda geçirilen medeni çärä dürli etnik toparlara degişli müňden gowrak ýerli ýaşaýjy we ýurduň dürli künjeklerinden gelen myhmanlar gatnaşdy. Milli eşikleri geýen ýerli ýaşaýjylar syýahatçylar bilen el-ele tutuşyp, joşgunly saz we tans çykyşlaryna goşuldylar.
«Güýzüň ajaýyp tebigaty göwnüňi göterýär we ýakymly duýgulary döredýär. Topardaşlarym bilen saz eşidip, tans etmezlik başartmady» diýip, Hytaýyň merkezi bölegindäki Hubeý welaýatyndan gelen syýahatçy He Meý aýtdy.
CCTV+-nyň habar bermegine görä, güýzki tebigat gezelençlerine we medeni syýahatlara bolan islegiň artmagy bilen, ýerli medeniýet we syýahatçylyk edaralary Awat etrabynda syýahatçylygyň iň işjeň möwsüminiň adatdakysyndan bir aý uzalyp, noýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam etmegine garaşýarlar.









