Robot alpinistler Taýşan dagyna çykmaga taýýarlanýar

Oktýabr 29, 2026 | 19:20 |180
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Robot alpinistler Hytaýyň Media korporasiýasy (CMG) tarapyndan ilkinji gezek geçirilýän Taýşan dagyndaky Bütindünýä robot ýaryşynyň esasy tapgyryna taýýarlyk görýärler. Ýaryşyň esasy tapgyry geljek duşenbe güni Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň Taýýan şäherinde geçiriler.

Finalyň öňüsyrasynda, duşenbe güni CMG dört ugur boýunça saýlama tapgyryny geçirdi. Oňa aýakly robotlaryň ylgawy, aýakly robotlaryň ýük göterişi, dürli ýer şertlerinde gözleg işleri we adam şekilli robotlaryň ylgawy girýär. Ähli ýaryşlar Taýşan dagynyň etegindäki Hunmen meýdançasyndan başlandy, dagyň dürli gözel ýerleri bolsa degişli ugurlar üçin pellehana hökmünde kesgitlenildi.

Ýaryş ýoly esasan uzyn daş basgançaklardan, eňňitlerden we ýiti öwrümlerden ybarat. Şeýle şertler robotlaryň daş-töweregi duýmak, özbaşdak karar kabul etmek, deňagramlylygy saklamak we uzak wagtlap işlemek mümkinçiliklerini synagdan geçirýär.

Saýlama tapgyryndan soň inženerler esasy ýaryşyň öňüsyrasynda robotlara soňky düzedişleri girizýärler. Iň gowy netijeleri görkezen robotlar pellehana bir sagatdan az wagtyň içinde ýetip bilýär. Bu bolsa olaryň ýany bilen hereket edýän inženerleriňkiden has çalt.

«Amaly türgenleşiklerde gazanylan ortaça tizlik bilen robot Çžuntýanmenindäki pellehana bir sagatdan az wagtyň içinde ýetip biler. Ol päsgelçiliklerden nähili geçmelidigini özbaşdak kesgitläp, hakyky wagtda hereket ugruny meýilleşdirýär. Gündiz robot bilen bile ylgap, agşam bolsa algoritmleri kämilleşdirmek üçin işe dolanyp bilýäris. Taýşan dagynyň şeýle çylşyrymly ýolunda türgenleşmek robotlaryň materiallary daşamak we gözegçilik işleri ýaly ýagdaýlara has gowy uýgunlaşmagyna kömek eder», — diýip, ýaryşa gatnaşyjy Wan Kaýmin aýtdy.

CCTV+-nyň habar bermegine görä, Taýşan dagyndaky ýaryşlar robotlaryň durnuklylygyny, özbaşdak ugur tapmak we uzak wagtlap işlemek mümkinçiliklerini çylşyrymly şertlerde barlamaga mümkinçilik berýär. Bu tejribe robotlaryň ýük daşamak, dürli ýerleri gözden geçirmek we beýleki amaly işleri ýerine ýetirmek üçin ulanylmagyny ösdürmäge ýardam edip biler.

Beýleki habarlar