Germaniýanyň prezidenti Hytaýa döwlet sapary bilen geldi

Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer sişenbe güni irden Hytaýyň gündogaryndaky Anhui welaýatynyň Hefeý şäherine gelip, Hytaýyň başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça döwlet saparyna başlady.
Sişenbeden şenbe gününe çenli dowam etjek bäş günlük sapar Ştaýnmaýeriň soňky sekiz ýylyň dowamynda Hytaýa ilkinji döwlet saparydyr.
Saparyň dowamynda Si Szinpin Ştaýnmaýer bilen gepleşik geçirer. Hytaýyň Döwlet geňeşiniň premýeri Li Sýan we Hytaý Halk wekilleriniň bütinhytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Çžao Leçi hem Germaniýanyň prezidenti bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklar we özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşarlar.
Ştaýnmaýer Germaniýanyň daşary işler ministri bolup işlän döwründe Hytaýa birnäçe gezek barypdy. Ol ilkinji prezidentlik möhletinde, 2018-nji ýylda hem Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrypdy.
Sapara teswir beren Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Germaniýanyň prezidentini «hytaý halkynyň köne dosty» diýip atlandyrdy we onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge oňyn goşant goşandygyny belledi.
Şu ýyl Hytaý bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 54 ýyllygy bellenilýär. Germaniýa köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň çäginde Hytaýyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup gelýär. Şeýle hem ol tehniki we hünär bilimi hem-de hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda Hytaýyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir.
Germaniýanyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, saparyň esasy ugurlary ýokary derejeli duşuşyklar, ylym we tehnologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk hem-de halklaryň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek bolar.
Prezident bilen bilelikde Bundestagyň, Ýewropa Parlamentiniň we Germaniýanyň federal hökümetiniň wekillerini, şeýle hem sport, medeniýet, bilim, ylym, tehnologiýa we senagat ulgamlarynyň wekillerini öz içine alýan ýokary derejeli wekiliýet geldi.
Saparyň ilkinji duralgasy bolan Hefeý şäherinde Ştaýnmaýer Germaniýanyň Volkswagen awtoulag öndürijisiniň Hytaýdaky ylmy-barlag we işläp taýýarlama merkezine baryp görer. Şeýle hem ol durnukly şäher ösüşi taslamalary bilen tanyşar we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna girizilen Huangşan dagyna baryp görer.









