Tibetde ýer titremesinden ejir çeken ýaşaýjylar çadyrlardan wagtlaýyn jaýlara göçýär

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siszang awtonom sebitinde geçen penşenbe güni bolup geçen 7,0 magnitudaly ýer titremesiniň merkezi bolan Bagen etrabynyň Maru şäherçesinde öýlerini terk etmäge mejbur bolan ýaşaýjylar duşenbe güni çadyrlardan ýygnama jaýlara göçüp başladylar.
Ýer titremesi netijesinde 16 adam heläk boldy, ýene 76 adam şikes aldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, tebigy betbagtçylykdan soň 12 müňden gowrak ýaşaýjy ewakuasiýa edildi. Şeýle hem 339 ýaşaýyş jaýyna we 20 maldarçylyk desgasyna zeper ýetdi ýa-da olar doly weýran boldy.
Bagen etraby deňiz derejesinden takmynan 4 800 metr belentlikde ýerleşýär. Şonuň üçin göçürilen ýaşaýjylar üçin sowuk gyşa taýýarlyk görmek esasy meseleleriň birine öwrüldi. Gurluşyk toparlary we elektrik üpjünçiligi boýunça hünärmenler has berk hem-de ýyly wagtlaýyn jaýlary gurmak üçin gije-gündiz zähmet çekdiler.
Ýekşenbe güni 60 sany ýygnama jaýdan ybarat ilkinji tapgyr tamamlandy. Jaýlarda düşeklerden, ýorganlardan we azyk önümlerinden başga-da, otaglary ýyly saklamaga kömek edýän peçler oturdyldy.
«Bu peçiň kömegi bilen otag örän ýyly boldy. Indi çagalar we garrylar üçin bu ýerde has amatly», diýip, öýünden göçürilen oba ýaşaýjysy Tsering Dordže gürrüň berdi.
Ähli wagtlaýyn jaýlar elektrik energiýasy we internet bilen hem üpjün edildi.
Halas ediş işgärleri göçürilen ýaşaýjylar üçin nahar taýýarlamak işini hem öz üstlerine aldylar. Olara ýurduň dürli künjeklerinden gelen meýletinçiler goşuldy.
CCTV+-nyň habar bermegine görä, ýer titremesinden ejir çekenlere kömek bermek boýunça işler dowam edýär. Häkimiýetler we halas ediş toparlary gyş paslynyň öňüsyrasynda ýaşaýjylary ýyly jaý, azyk we zerur hyzmatlar bilen üpjün etmäge çalyşýarlar.









