40 müňden 100 müňe çenli robot: Hytaý gumanoid robotlaryň köpçülikleýin önümçiligine geçýär

Hytaýyň gumanoid robotlar pudagy täze tapgyra gadam basýar: önümçilik artýar, eksport çaltlanýar we robotlar hakyky iş şertlerinde has giňden ulanylýar. Şeýle-de bolsa, pudagyň mundan beýläkki ösüşi diňe önümçiligiň möçberine däl, eýsem robotlaryň wezipeleri yzygiderli ýerine ýetirmek, anyk şertlere uýgunlaşmak we toplanan maglumatlaryň esasynda kämilleşmek ukybyna hem bagly bolar.
Hytaýyň Senagat we maglumatlaşdyryş ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji ýarymynda ýurtda 40 müňden gowrak gumanoid robot öndürildi. Ýylyň jemleri boýunça önümçiligiň 100 müň birlikden geçmegine garaşylýar. Hytaýyň ösen önümçilik infrastrukturasynyň we üpjünçilik zynjyrlarynyň bolmagy kompaniýalara önümçiligi artdyrmaga hem-de ilkinji tehnologik we önümçilik päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge kömek edýär.
Gumanoid robotlar eýýäm zawodlarda, tematiki seýilgählerde we söwda merkezlerinde ulanylýar. Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi hem artýar. Gümrük maglumatlaryna görä, ýanwar–sentýabr aýlarynda Hytaý 16 559 sany akylly biomimetik robot eksport etdi. Olaryň umumy bahasy 1,417 milliard ýuana, ýagny takmynan 212,55 million ABŞ dollaryna deň boldy. Sentýabr aýynda eksportyň möçberi ýanwar aýyndaky bilen deňeşdirilende takmynan 176% ýokarlandy.
Şençžen şäheriniň Robototehnika assosiasiýasynyň baş sekretary Tan Weýszýanyň aýtmagyna görä, gumanoid robotlary ulanmagyň mümkinçilikleri örän giňdir. Anyk şertlerde işlemek üçin köplenç enjamlary we programma üpjünçiligini goşmaça işläp düzmek hem-de uýgunlaşdyrmak zerur bolýar. Bu bolsa dürli ýöriteleşdirilen önümleri döretmäge we şol bir wagtyň özünde köpçülikleýin önümçilige bolan islegi artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Morgan Stanley kompaniýasynyň soňky hasabatynda birnäçe robot öndürijisiniň 2026-njy ýyl üçin iberilýän önümleriň möçberine degişli maksatlaryny ep-esli ýokarlandyrandygy bellenilýär. Emma pudagyň esasy meselesi indi robot öndürip bilmek bilen çäklenmeýär. Robotlaryň hakyky iş şertlerinde wezipeleri yzygiderli ýerine ýetirip bilmegi, ulanyş tejribesinden alnan maglumatlaryň esasynda modelleriň kämilleşdirilmegi we önümçilik çykdajylarynyň azaldylmagy möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Shenzhen Luqi Technology kompaniýasynyň ylmy-barlag we işläp taýýarlama bölüminiň işgäri Çžan Şaýýu şeýle diýdi: «Häzirki wagtda adamlar robototehnika pudagyndan köp zada garaşýarlar we robotlaryň dürli wezipeleri ýerine ýetirmegini isleýärler. Emma hakykatda robotlar diňe bir ýa-da birnäçe işi ýerine ýetirip bilýär. Bu tapawudy gysga wagtyň içinde aradan aýyrmak mümkin däl. Şonuň üçin biz ilki bilen anyk bir ulanyş ýagdaýyny saýlap, şol şert üçin robot taýýarlaýarys we onuň belli bir ukybyny güýçlendirmek üçin maksatly kämilleşdiriş işlerini geçirýäris».
Hytaýyň Inženerçilik akademiýasynyň akademigi we Gonkongyň Hytaý uniwersitetiniň Şençžendäki bölüminiň prezidenti Sýu Ýanşeniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda pudaga önümçilik kuwwaty ýa-da maýa goýumlaryndan has köp, robotlaryň umumy mümkinçiliklerini ýöriteleşdirilen wezipeler bilen utgaşdyryp bilýän öňdebaryjy hünärmenler ýetmezçilik edýär.
«Meniň pikirimçe, aýratyn bir kompaniýa üçin azyndan 100 müň birlik önüm öndürmek köpçülikleýin önümçilik hasaplanar. Pudaga iň köp ýetmeýän zat zehinli adamlardyr — dürli tehnologiýalary birleşdirip, köpugurlylyk bilen ýöriteleşmäniň arasynda deňagramlylygy tapyp bilýän döredijilikli hünärmenler. Bize giň düşünjeli we döredijilik ukyby bolan adamlar gerek. Isleg hem, ulanmak üçin şertler hem bar, ýöne olary durmuşa geçirjek hünärmenler zerur» diýip, Sýu belledi.
Şeýlelikde, Hytaýyň gumanoid robotlar pudagynyň öňünde iki esasy wezipe durýar: önümçiligi giňeltmek we robotlaryň diňe görkezme meýdançalarynda däl, eýsem hakyky iş şertlerinde hem ygtybarly işläp bilýändigini subut etmek. Pudagyň geljekki ösüşinde durnukly öndürijilik, kärhanalaryň isleglerine uýgunlaşmak we ökde hünärmenleri taýýarlamak möhüm rol oýnar.









