Pekinde Gyzyl goşunyň Uzyn ýörişine gatnaşanlaryň hatyrasy tutuldy

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin penşenbe güni 1934–1936-njy ýyllardaky taryhy Uzyn ýörişde we Hytaýdaky beýleki rewolýusion göreşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna geçirilen bir minutlyk dymyşlyga ýolbaşçylyk etdi.
Çäre Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde Gyzyl goşunyň Uzyn ýörişdäki ýeňşiniň 90 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.
Si Szinpiniň teklibi boýunça ähli gatnaşyjylar ýerlerinden turup, wepat bolanlaryň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk berdiler.
Çärede çykyş eden Hytaýyň Başlygy 1934-nji ýylyň oktýabryndan 1936-njy ýylyň oktýabryna çenli Gyzyl goşunyň Hytaýyň ondan gowrak welaýatyndan geçendigini aýtdy. Käbir bölümler 12,5 müň kilometre çenli ýol geçdiler.
Si Szinpin Uzyn ýörişe ýolbaşçylyk eden Mao Szedun, Çžou Enlaý, Çžu De we beýleki rewolýusion işgärlere, şeýle hem Gyzyl goşunyň esgerlerine we olara goldaw beren ýerli ilata hormat bildirdi.
Ýatlama çäresine takmynan 3 müň adam gatnaşdy.
Uzyn ýöriş 1934-nji ýylda häzirki Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň öňbaşçysy bolan Gyzyl goşunyň strategik yza çekilişi hökmünde başlandy. Onuň dowamynda esgerler derýalardan, garly daglardan we giň sähralardan geçdiler.
1936-njy ýylda esasy güýçler Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň Ýanýan şäherine ýetdiler. Soňra bu şäher 1949-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasy döredilmezden öň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň möhüm merkezleriniň birine öwrüldi.
CCTV+ habar bermegine görä, çäre Gyzyl goşunyň Uzyn ýörişdäki ýeňşiniň 90 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama çäreleriniň çäklerinde geçirildi.









