Sizanda 7,0 magnitudaly ýer titremede azyndan 16 adam wepat boldy

Oktýabr 23, 2026 | 19:34 |124
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Penşenbe güni agşam Hytaýyň günorta-günbataryndaky Sizan awtonom sebitinde bolan 7,0 magnitudaly ýer titreme netijesinde azyndan 16 adam wepat boldy, ýene 11 adam agyr ýaralandy. Bu barada Nagçu şäheriniň ýer titremäniň netijelerini aradan aýyrmak boýunça ştaby anna güni sagat 05:20 ýagdaýyna görä habar berdi.

Ýer titreme ýerli wagt bilen 22:33-de Nagçu şäheriniň Baçen uýezdinde 10 kilometr çuňlukda boldy. Hytaýyň seýsmologik torlar merkeziniň maglumatyna görä, onuň merkezi demirgazyk giňligiň 32,40 gradusynda we gündogar uzaklygyň 93,79 gradusynda ýerleşdi.

Halas ediş toparlary dessine ýer titremäniň merkezine iberildi. Baçen uýezdiniň ýangyn we halas ediş gullugynyň sekiz işgärden we iki ulagdan ybarat öňdebaryjy topary anna güni irden wakanyň bolan ýerine baryp, harabalygyň astynda galan bir adamy halas etdi.

Sizanyň ýangyn we halas ediş gullugy 347 halas edijini, 82 ýörite ulagy we 15 gözleg-halas ediş itini mobilizledi. Heläkçilik zolagyna 4,2 müňden gowrak enjam hem-de 9,4 müňden gowrak maddy-tehniki üpjünçilik serişdesi ugradyldy.

Şeýle hem 300-den gowrak polisiýa işgäri ilaty howpsuz ýerlere göçürmäge, binalaryň zeper derejesini kesgitlemäge we heläkçilik zolagynda howpsuzlygy üpjün etmäge çekildi.

Ýer titremäniň merkezine golaý, uýezd merkezinden takmynan 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän Maru şäherçesinde has uly zeper ýetendigi habar berildi.

Şäherçäniň ýolbaşçysynyň orunbasary Lhawang Dagpo birnäçe öýüň ýykylandygyny we obalarda halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýtdy. Şeýle hem ýerli häkimiýetiň binasynyň diwarlarynda çatlaryň peýda bolandygy habar berildi.

Baçen uýezdiniň merkezinde güýçli ýer titremeler duýuldy, elektrik üpjünçiligi kesildi we aragatnaşykda bökdençlikler ýüze çykdy. Sarsgynlar Sizanyň beýleki ýerlerinde, şol sanda Çamdo we Niňçi şäherlerinde hem duýuldy.

Sebitde ýer titreme bilen bagly ikinji derejeli adatdan daşary ýagdaýlara garşy jogap çäreleri işjeňleşdirildi.

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň ýer titremeleriň netijelerini aradan aýyrmak boýunça ştaby we Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi hem dördünji derejeli jogap tertibini işjeňleşdirip, halas ediş we kömek işlerini utgaşdyrmak üçin ýörite topary sebite iberdi.

Penşenbe güni sagat 23:12-de goňşy Sinhaý welaýatynyň Dzadoý uýezdinde 4,3 magnitudaly gaýtalanýan ýer titreme hasaba alyndy. Serhetýaka şäherçelerde käbir öýlerde çatlar ýüze çykdy, emma şol ýerlerde bina ýykylmagy ýa-da adam pidalary barada maglumat ýok.

CCTV+ habar bermegine görä, halas ediş işleri dowam edýär, degişli gulluklar bolsa ýetirilen zyýanyň möçberini we ejir çekenleriň sanyny takyklaýarlar.

Beýleki habarlar