Hytaý Uzyn ýörişiň ýeňşiniň 90 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik teňňeleri çykardy

Hytaýyň Halk banky penşenbe güni Gyzyl goşunyň Uzyn ýörişdäki ýeňşiniň 90 ýyllygyna bagyşlanan iki sany ýadygärlik teňňäni dolanyşyga çykardy.
Topluma bir altyn we bir kümüş teňňe girýär. Olaryň ikisi hem Hytaýda kanuny töleg serişdesidir.
Iki teňňäniň hem ýüz tarapynda Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet gerbi, ýurduň ady we çykarylan ýyly şekillendirilendir.
8 gramlyk altyn teňňäniň nominal bahasy 100 ýuandyr. Onuň arka tarapynda bäşburç ýyldyz, orak bilen palta, ýagtylyk şöhleleri, şeýle hem Gyzyl goşunyň garly daglardan we giň meýdanlardan geçişini görkezýän şekiller ýerleşdirildi. Teňňede Uzyn ýörişdäki ýeňşiň 90 ýyllygyna bagyşlanan ýazgy we «1936–2026» seneleri hem bar.
Altyn teňňäniň iň köp tiražy 10 müň nusga bolar.
30 gramlyk kümüş teňňäniň nominal bahasy 10 ýuandyr. Onuň arka tarapynda Gyzyl goşunyň Uzyn ýörişden soň Şensi welaýatynyň demirgazygyna gelmegini şekillendirýän heýkel kompozisiýasy, Ýanandaky Baota dagy we Ýanhe derýasy görkezilýär.
Kümüş teňňäniň iň köp tiražy 20 müň nusga bolar.
1934–1936-njy ýyllardaky Uzyn ýöriş häzirki zaman Hytaý taryhynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. 1934-nji ýylyň oktýabrynda Gyzyl goşunyň takmynan 86 müň esgeri 12,5 müň kilometre golaý dowam eden ýörişe başlady. 1936-njy ýylyň oktýabrynda Gyzyl goşunyň üç esasy güýji Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda birleşip, Uzyn ýörişiň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.
CCTV+ habar bermegine görä, iki teňňäniň dizaýnynda Uzyn ýörişiň möhüm wakalary we ýadygärlik ýerleri bilen baglanyşykly şekiller ulanyldy.









