Hytaý bilen Eýran Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy syýasy ýol bilen çözmegi goldady

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan bilen Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad-Reza Aref duşenbe güni Duşenbe şäherinde ŞHG-ä agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň 25-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşdylar.
Li Sýan Hytaýyň Ýakyn Gündogarda parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi ilerletmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini hem-de dialogyň we gepleşikleriň täzeden başlanmagyny goldaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, düşünişmezlikler syýasy we diplomatik ýollar arkaly çözülmelidir.
Hytaýyň premýeri şu ýyl Hytaý bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 55 ýyl, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň döredilmegine bolsa 10 ýyl dolýandygyny belledi.
Li Sýan Pekiniň bu seneleri dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilik hökmünde peýdalanmaga taýýardygyny aýtdy.
Ýakyn Gündogardaky ýagdaý barada aýdyp, ol ähli ýurtlaryň özygtyýarlylygynyň we howpsuzlygynyň hormatlanmalydygyny hem-de degişli taraplaryň gepleşiklere mümkin boldugyça tiz dolanmalydygyny nygtady.
Mohammad-Reza Aref Eýranyň Hytaý bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem ŞHG we BRICS çäklerinde utgaşdyrmany güýçlendirmäge taýýardygyny aýtdy.
Eýran tarapy Hytaýyň konfliktleri parahatçylykly çözmäge gönükdirilen tagallalaryny hem goldaýandygyny we düşünişmezlikleri dialog hem-de geňeşmeler arkaly çözmäge taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşykda taraplar Hytaý-Eýran hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
CCTV+ habar bermegine görä, Hytaý Ýakyn Gündogarda syýasy dialogy we durnuklylygy dikeltmäge gönükdirilen tagallalary dowam etdirmegi maksat edinýär.









