Hytaýyň demir ýollary dokuz aýda rekord 3,71 milliard ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy

Hytaýyň milli demir ýol ulgamy şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda rekord derejede 3,71 milliard ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,8 göterim köpdür.
Şol döwürde birnäçe täze ýokary tizlikli demir ýol ugurlary we stansiýalar ulanylmaga berildi. Olaryň arasynda Sýunan — Şansýu, Sian — Ankan, Içan — Sinşan we Harbin — Içun ugurlary bar.
Ýolagçylaryň artýan islegini kanagatlandyrmak üçin demir ýol gatnawlarynyň sany hem köpeldildi. Ýurt boýunça bir günde ortaça 11 511 ýolagçy otlusy gatnady. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,3 göterim artykdyr.
Demir ýol syýahatçylygy hem içerki sarp edişiň ösmegine ýardam etdi. Dokuz aýyň dowamynda ýurt boýunça 2 860 ýörite syýahatçylyk otlusy ýola goýuldy. Bu görkeziji bir ýylda 25,5 göterim artdy. Olar gezelenç, sagaldyş we bilim syýahatçylygy ýaly dürli ugurlary öz içine alýar.
Serhetüsti ýolagçy gatnawy hem ep-esli ýokarlandy. Guançžou — Şençžen — Gonkong ýokary tizlikli demir ýoly 25,85 million ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy, bu bolsa 11,8 göterim ösüşdir. Hytaý — Laos demir ýolunda bolsa 265 müň serhetüsti ýolagçy gatnawy amala aşyrylyp, ösüş 37,8 göterime ýetdi.
Şeýle hem bu döwürde Hytaýyň demir ýol hyzmatlaryndan daşary ýurtly ýolagçylar 19 million gezek peýdalandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33,4 göterim ýokarlandy.
CCTV+ habar bermegine görä, ýolagçy gatnawynyň artmagy Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýol ulgamynyň giňelmegi, otlularyň sanynyň köpelmegi hem-de syýahatçylyk we serhetüsti demir ýol ugurlarynyň ösdürilmegi bilen baglydyr.









