Týanszinde hünär we tehniki bilim boýunça Bütindünýä konferensiýasy açyldy

Oktýabr 17, 2026 | 15:20 |82
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Anna güni Hytaýyň Týanszin şäherinde 2026-njy ýylyň Hünär we tehniki bilimi ösdürmek boýunça Bütindünýä konferensiýasy açyldy. Oňa 70-den gowrak ýurtdan we sebitden wekiller gatnaşýarlar.

Çäre Hytaýyň Bilim ministrligi, ÝUNESKO işleri boýunça Hytaý milli komissiýasy we Týanszin şäher häkimligi tarapyndan bilelikde guralýar. Konferensiýa şenbe gününe çenli dowam eder.

Şu ýylky forumyň esasy maksady üýtgeşmelere bilelikde uýgunlaşmak, umumy standartlary döretmek we hünär-tehniki bilimiň geljegini bilelikde kesgitlemekdir. Konferensiýanyň çäklerinde Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa, Merkezi Aziýa, Afrika, Ýewropa we Amerika boýunça dört ugurda maslahatlar geçirilýär.

Gatnaşyjylar hünär bilimini ösdürmek, tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Daşary ýurtly wekiller hem Hytaýyň okuw edaralary bilen aragatnaşyk gurmagyň we täze tehniki tejribeleri öwrenmegiň möhümdigini belleýärler.

Konferensiýanyň esasy wakalarynyň biri Hytaýyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan dünýäde ilkinji «Hünär we tehniki bilim standartlarynyň çarçuwasynyň» resmi taýdan hödürlenmegi bolar.

Hytaýyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, bu resminama Hytaýyň tejribesine we beýleki ýurtlaryň halkara tejribesine esaslanýar. Ol gymmatlyklar, bilim ulgamlary, dolandyryş, goldaw mehanizmleri we amaly çäreler ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.

Konferensiýanyň dowamynda Hytaýyň hünär bilimine bagyşlanan ýörite sergi we hünär kollejlarynyň Bütindünýä ussatlyk bäsleşiginiň final tapgyry hem geçirilýär.

CCTV+ habar bermegine görä, forum hünär bilimi ulgamynda halkara gatnaşyklary giňeltmäge we hünärmenleri taýýarlamak boýunça umumy çemeleşmeleri hem-de standartlary ösdürmäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar