Hytaý Ýakyn Gündogarda dartgynlygy azaltmaga we gepleşiklere dolanmaga çagyrdy

Oktýabr 16, 2026 | 23:17 |72
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň BMG-däki hemişelik wekili Fu Sun penşenbe güni halkara jemgyýetçiligini Ýakyn Gündogardaky dartgynlygy azaltmaga we sebitdäki konfliktleriň düýp sebäplerini çözmäge ýardam etmäge çagyrdy.

Ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Ýakyn Gündogar we Palestina meselesi boýunça mejlisinde çykyş edip, sebitdäki ýagdaýyň çalt üýtgeýändigini, dowam edýän konfliktleriň netijeleriniň bolsa howpsuzlyga we ösüşe ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, sebit halklary barha köp derejede urşuň ýerine parahatçylygy, gapma-garşylygyň ýerine gepleşikleri we güýç syýasatynyň ýerine adalatlylygy isleýärler.

Fu Sun ABŞ bilen Eýranyň mümkin boldugyça tiz wagtda gepleşikleri täzeden başlamalydygyny we iki tarap üçin hem kabul ederlikli hemmetaraplaýyn ylalaşyga ýetmäge çalyşmalydygyny aýtdy. Şeýle hem ol halkara deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny we dünýä önümçilik hem-de üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Hytaýyň wekili Ýemendäki ýagdaýyň ýiti dartgynlaşmagyna we Saud Arabystanyndaky desgalara, şol sanda howa menzillerine edilen hüjümlere hem alada bildirdi. Ol Hytaýyň köp sanly pidalara sebäp bolan hüjümleri ýazgarýandygyny we parahat ilata hem-de raýat infrastrukturasyna garşy hüjümlere garşy çykýandygyny aýtdy.

Fu Synyň bellemegine görä, güýç ulanmak uzak möhletli çözgüt bolup bilmez. Ol ähli taraplary düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly çözmäge çagyrdy.

Ol Palestina meselesiniň Ýakyn Gündogar meselesiniň merkezinde galýandygyny hem nygtady. Onuň sözlerine görä, Gazada ýaraşyk ylalaşygy gazanylandan bir ýyl geçse-de, durnukly ýaraşyk, giň gerimli ynsanperwer kömek we doly dikeldiş işleri entek üpjün edilmedi.

CCTV+ habar bermegine görä, Hytaý ähli taraplary, aýratyn-da Ysraýyly, ýaraşyk ylalaşygyny doly ýerine ýetirmäge, Gazadaky harby hereketleri bes etmäge we sebitde has durnukly howpsuzlyk ulgamyny döretmäge goşant goşmaga çagyrdy.

Beýleki habarlar