Hytaýyň «akylly» protezleri maýyplaryň durmuşyny aňlaşdyrýar

Akylly protezler Hytaýyň gündogaryndaky Hançžou şäherinde ýaşaýan maýyplara gaýa dyrmaşmak, pianino çalmak we kalligrafiýa ýaly sport we sungat bilen meşgullanmaga mümkinçilik berdi.
Hançžou şäherli Lin Ýun öz protez aýagy bilen gaýa dyrmaşmakda türgenleşýär.
«Men bu protez bilen ylgap bilýärin. Basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we badminton oýnap bilýärin. Sporta bolan ozalky höwesim gaýtadan döredi» diýip, Lin aýtdy.
Lin ozal adaty protez aýagy bilen daşary çykanda ýykylmakdan çekinýärdi, sebäbi ol otly meýdanlarda we gumly ýerlerde ýörejek bolanda kynçylyklara duçar bolýardy. Dört ýyl mundan ozal Lin akylly bionik protezine eýe boldy we onuň durmuşy düýpgöter üýtgetdi.
«Kabul ediji bölümiň içindäki sensorlar meniň etjek hereketlerime nerýron taýdan düşünýär. Meselem, men oty görüp, aýagymy ýere basamda, şol pursatda protezim zerur güýji kesgitlemek üçin algoritmleri işläp düzýär we bogunlary şoňa görä uýgunlaşdyryp dolandyrýar» diýip, Lin düşündirdi.
Ol hatda bionik aýagy bilen suwda typmak we asmanda paraşýutly ýere bökmek hem şynanyşdy.
«Bu protez agza maňa diňe dik durmaga kömek etmek bilen çäklenmeýär — ol güýçli duýgudaş, maňa özümi indi maýyp däl ýaly duýmaga we hatda mätäçlere kömek etmäge mümkinçilik berýär. Bu maňa uly ynam berýär» diýip, Lin nygtady.
Çžou Szýanyň durmuşy hem akylly bionik tehnologiýa arkaly üýtgedi.
Betbagtçylyk zerarly sag elini ýitirenden soň, ol dişini arassalamak ýa-da ýüzüni ýuwmak ýaly ýönekeý hereketleri hem özbaşdak ýerine ýetirmekde kynçylyk çekýärdi. Üç ýyl mundan ozal oňa akylly bionik el dakyldy. Bu gün çüýşe gapaklaryny açmak ýa-da miwe arassalamak ýaly gündelik hereketler Çžou üçin aňsatlaşdy.
«Indi men bäş barmagyň hemmesini dolandyryp we olary erkin hereketlendirip bilýärin. Öň ýitiren sag elim gaýtadan peýda bolan ýaly!» diýip, Çžou belledi.
Bir ýyldan gowrak wagt mundan ozal Çžou «akylly» bionik el bilen pianino çalmagy öwrenip başlady. Şeýle hem ol täze endikleri öwrenmek üçin bionik elleriň täze neslini barlagdan geçirýär.
«Biz bu enjamlaryň indiki neslini diňe dolandyrmak däl, eýsem olaryň jogap aragatnaşygyny ýola goýmaga synanyşýarys. Geljekde maýyplar üçin bu elleriň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda işleýäris. Meselem, olar salamlaşanlarynda, ellerň ýylylygyny duýup bilerler» diýip, bionik eli işläp düzüji «BrainCo» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti He Sýuszin aýtdy.







