Hytaý bilen KHDR-nyň arasynda täze köpri ýük gatnawy üçin açyldy

Penşenbe güni Ýalu derýasynyň üstünden Hytaý bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasyny birleşdirýän täze köpri ýük ulaglarynyň gatnawy üçin resmi taýdan açyldy. Dört zolakly täze geçelge ýük daşamak mümkinçiliklerini giňeltmäge we iki ýurduň arasyndaky söwdany ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.
Hytaý bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasy köpriniň açylyşy mynasybetli bilelikdäki dabarany geçirdi. Güller bilen bezelen ýük awtoulaglary köprüden geçen ilkinji ulaglaryň hatarynda boldy.
Köpri Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Liaonin welaýatynyň Dandun şäherini KHDR-nyň Sinuiju şäheri bilen birleşdirýär. Onuň ini 28,5 metre deň bolup, iki ugur boýunça hereket üçin dört zolak bar.
Gurluşyk işleri 2010-njy ýylyň dekabrynda başlanyp, 2014-nji ýylyň oktýabrynda tamamlandy. Täze geçelge awtoulag we demir ýol gatnawyny birleşdirýän Hytaý-KHDR Dostluk köprüsi bilen bilelikde işlär.
Köne köpri awtoulag gatnawyny bir wagtda diňe bir ugurda geçirip bilýär we 20 tonnadan ýeňil ýük awtoulaglaryna niýetlenendir. Täze köpri bolsa ýük gatnawynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Dandunda Hytaýyň KHDR bilen söwda edýän iň uly serhet porty ýerleşýär. Hytaýyň resmi maglumatlaryna görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylda 2,735 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.
CCTV+ habar bermegine görä, täze köpri Hytaý bilen KHDR-nyň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny gowulandyrmaga, söwdany we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat eder.









