China Media Group emeli aň startaplaryny goldamak üçin platformany ösdürýär

Oktýabr 15, 2026 | 18:25 |96
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


China Media Group emeli aň pudagynda telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen “Winning with AI+” atly gepleşigini dowam etdirýär.

Taslama “media plus” çemeleşmesini ulanyp, startaplary, maýadarlary, ýerli häkimiýetleri, bilermenleri we alymlary emeli aň taslamalaryny goldaýan bitewi ulgama birleşdirýär.

Gepleşik Hytaýyň 2026–2030-njy ýyllar üçin 15-nji bäşýyllyk meýilnamasynyň başynda durmuşa geçirilýär. Onuň maksady giň gerimde ulanyp boljak emeli aň çözgütlerini hem-de geljegi uly täze tehnologiýa kompaniýalaryny ýüze çykarmakdyr.

“Winning with AI+” taslamasynyň ikinji möwsümi gatnaşyjylary saýlamagyň gerimini ep-esli giňeltdi. 29 tanyşdyryş çäresi Pekin, Şanhaý, Hançžou, Şençžen, Nankin, Týanszin, Gonkong we Singapur ýaly sekiz innowasiýa merkezinde geçirildi.

Taslama jemi 1 müňden gowrak emeli aň startapy gatnaşdy. Bu bolsa programmanyň diňe Hytaýyň içindäki işlerden has giň halkara hyzmatdaşlygyna geçýändigini görkezýär.

Iýul aýynda China Media Group Ženewada geçirilen AI for Good Global Summit çäresinde “Winning with AI+” taslamasynyň ýörite daşary ýurt neşirini hem hödürledi. Hytaýly innowatorlar ol ýerde öz taslamalaryny görkezip, halkara ylmy-barlag guramalary we bilermenler bilen duşuşdylar.

CCTV+ habar bermegine görä, taslama emeli aň pudagynda telekeçiligi goldamaga we Hytaýyň tehnologiýa kompaniýalarynyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar