Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” hyzmatdaş ýurtlary bilen söwdasy 3 trillion dollardan geçdi

Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna gatnaşýan ýurtlar bilen söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,1 göterim artdy we 20,37 trillion ýuana, ýagny takmynan 3,04 trillion ABŞ dollaryna ýetdi.
Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, bu ýurtlaryň paýyna ýurduň umumy daşary söwdasynyň 51 göterimi düşdi. Hytaý başlangyja gatnaşýan ýurtlaryň takmynan 80 göterimi bilen söwda dolanyşygyny artdyrdy.
Ýylyň ilkinji ýedi aýynda Hytaý 134 hyzmatdaş ýurduň iň uly üç söwda hyzmatdaşynyň biri boldy, 74 ýurt üçin bolsa iň uly söwda hyzmatdaşy boldy.
Hytaýyň bu ýurtlara eksporty iri infrastruktura taslamalary üçin zerur harytlardan başlap, ýokary tehnologiýaly önümlere çenli giň gerimi öz içine aldy. Dokuz aýda şertnama esasynda alnyp barylýan gurluşyk taslamalary üçin eksport edilen harytlaryň möçberi 100 milliard ýuana, ýagny takmynan 15 milliard ABŞ dollaryna golaýlady.
Lukmançylyk tehnologiýalarynyň eksporty hem çalt artdy. Hytaýdan hyzmatdaş ýurtlara hirurgik robotlaryň eksporty 290 göterim ýokarlandy.
Şol bir wagtda Hytaý oba hojalyk önümleriniň importyny hem giňeltdi. Müsürden, Senegaldan we Keniýadan getirilen oba hojalyk önümleriniň möçberi iki sanly depgin bilen artdy. Hytaýyň gümrük edaralary ýakynda Täjigistandan erik we alça däl, erik we slywa, Türkiýeden lawr ýapragy, Günorta Afrikadan bolsa çereşnäniň importyna rugsat berdi.
CCTV+ habar bermegine görä, “Bir guşak, bir ýol” hyzmatdaş ýurtlary bilen söwdanyň ösmegi olaryň Hytaýyň daşary ykdysady gatnaşyklaryndaky ornuny güýçlendirýär we özara söwda hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döredýär.









